Tamdyra sapagy (1); Muzik teoriýsi bilen tanyşmak (2) ; Tamdyra sapagy (3) ; Tamdyra sapagy(4) ; Türkmen Aýdym-saz rowaýatlaryndan (5) ;

Tamdyra Sapagy: Rhythm (6) ;Takt, Taktçyzyklar, Taktgörnüşleri (7) ; Tamdyra sapagy (8) ;Şelpeler (9)

Sözbaşy


Tamdyra sapagy diýilen eliňizdäki kitap,Türkmen ýaş juwan höwesjeňler üçin,Tamdyra öwrenjileriň

arzuw kitabi diýip hasap etseň bolar.

Men 1358nji ýyldan bäri, höwesjeň Dutar öwrenjiler üşmeligine Hamid Teke ýolbaşçylygynda, Tamdyrany öwrenmäge başladym. Elmydama maňa duş gelen sorak :

Näme üçin Tamdyrany öwrenmek-de ýörite dersligi ýok? Diýip meşgul ederdi.

Haçanda Tamdyra çalan wagtym,ýaňlanýan owazy,Türkmeniň aça aýdylmadyk sözleri diýip hasap etmeli bolýardym.Sebäbi saz çalynýan wagty şol sazyň nagmalanýan heňi, maňa halkymyň ýürek syrlaryny ýaňlandyryp,paş edýän ýalydy.

Merhum Hamid Tekäň aýdyşy ýaly, Tamdyra diňe çalmak däl,ony ýüregden duýmak gerek.

Ýadymda bar, birinji gezek elime Tamdyra alan wagtym, eziz halypa we dostum,maňa ser edip şeýle diýidi : Bu joşgynlygyňy haýyp etmän, alada edýän öwrenjek guralyňa ber.        

Tamdyra Türkmen halkyň durmuşynda uly roly eýeleýär.Tamdyraň awazy bilen, berilen aýdyp bolmajak

syrlarymyzy,ýüregde közläp ýanýan duýgularymyzy ýaňlandyryp bütün dünýä batlap owazlanyp paş edýäris.

Asyrlar boýunça Türkmenler arasynda, Tamdyra öwrenmek, diňe şol el bilen görkezme we uzaklara belli

ustad-halypalaryň ýanyna baryp çalmany öwrenmelidik.

Tamdyra üçin ýazuw haty ýoklygy sebäbli, bütün asyrlar ustad-halypalaryň çalan sazlary hem köpüsi ýitip

gidipdir.Bu bolsa Türkmen halkyň medeni ösüşüne uly urgy bolupdyr.

Tamdyra Türkmen halkynyň geçmişi we geljegine ýakyn bolup, ymykly baglydyr.Onuň roly Türkmen halkyň

medeni we jemigatçylyk ösüş ýolunda gaty ägirt bolup, bütün halkyň söweşlerini we paýhasly ýörişleri, dürli-

dürli Türkmen tire-taýpalaryň bir-birine ýakyn saklap we birleşmek arzuň şaýady bolup, ýitmän,şu güne çenli

ata-babalarymyzdan häzirki nesle meýras bolup, bu sungaty geljegki nesilimize amanat edip tabşyrmana we

ýene biz, onuň ösmeginde boruçly bolmaga çalyşmalydyrys.

Eliňizdäki Tamdyra dersliginde,höwesjeň sungat öwrenjiler üçin not ýazuwsy bilen umumy we gysga(gysga

diýimek, her bir bolümi, açyklaşdyryp ýazjak bolsak, onda ony aýratyn bir kitap edip, üstünde işlemeli bolýar)

görnüsünde, tanyşdyryp, köp bölümlere bölüp,syze hüdürleýärin.

Gadyrly höwesjeň öwrenjiler bu dersnamada,birinji Tamdyraň taryhy we onuň bir-birine ýasalyp bejerlen bölekler bilen tanyşyp, ýuwaş-ýuwaşdan Not ýazuwsyny düşünip, Dutar çalmany öwrenip bilersyňyz.

Bu dersnsmsda ýene-de bütün dünýä sazçylyk sungatynda bolşy ýaly, Türkmen saz edebiýatynda öçmejek yz

galdyran kä bir ustad-halypalaryň çeperçilik durmuşy bilen tanyş bolarsyňyz.

Tamdyrany öwrenmekde hormatly höwesjeňlere aňsatlaşar ýaly, bu dersnamaň ýanynda, janly ses bilen CD

formada Not-da ýazylan köp sazlary we şelpeleri çalynyp,öwrenmekde size kömek  bolar diýip omid edäýrin.

                     

Tamdyra we onuň döreýiş taryhy

Türkmen halkyň aýdym-saz dünýäsinde Tamdyra iň ýörgünli gurallaryň biridir. Tamdyraň çykyşy hakynda

we onuň halkyň arasynda nähilli roly bardygyny düşünjek bolsak, Türkmen taryhyny we dil edebiyaty bilen

baglanşyklygyny göz öňüne tutmalydyrys.

Tamdyra saz gural hökmünde,orta Asiýada dürli halklaryň arasynda, ýörgünli gural bolup we her halkda öz

dialektine görä,meňzeş atlary bar.mesal üçin:

Özbekler,gyrgyzlar,gazaklar we şoňa meňzeş ýene köp orta Asiýada ýaşaýan halklarda milli saz gural bolup

tanalýar we Dumbura,Tamdyra,Tambur we … atlary bilen bir-birinden şol halkyň däb-destur we ýaşaýyş

görnüşiniñ tapawutlygyna görä hem, Tamdyrañ kryşlerniň düzülşi we perdeleiň sany , hem-de ritimleri boýunça

aýry-aýry häsiýetli digini görkezýär.Diýimek Tamdyra diňe Türkmenler däl, orta Asiýaň halklarynyň melli saz

gural hökmünde bolup tanalýar.

Elbetde Tamdyra ýene-de Türkmen halkyň arasynda Dutar ady bilen hem meşhur.

Dutar, Tamdyra  ikisi hem bir manyny aňlatýar.Bu ýerde şeýle sorak gelýär !!

Näme üçin Tamdyra ýa Dutar diýilip bir saz guralyň iki ady bar?

Bu soraga jogap berjek bolsak,Türkmeniň taryhy geçmişinde we halkara gatnaşykly sebäplerinde agtarmaly bolýarys.

Esasan ymykly ser etsek,Tamdyraň döreýşi Türk dilli halklar bilen baglanşykly bolýar we hemme Türki dil halklarynyñ, dörän çeşmesine baryp degýär !!

Eger Tamdyraň döreýşi hakynda,açyk we düşünükli edip görkezmek islesek, onda Hökman Tamdyraň ýüze çykan wagtyndan şu güne çenli dogry malumatymyz bolmaly. Asyrlar boýunça Türkmeniň ýazuw taryhy bolmany üçin, Tamdyraň döreýeşi hakynda we nireden gelip çykanyny anyk bir malumata arkalaşyp,açyk bir zat aýdyp bolmaýar.

Elbetde her halkda bolşy ýaly,bizde hem köp rowaýatlar bar.

Bu rowaýatlar halkyň şol döwürdäki düşünjesine görä,Tamdyraň döreýşi hakynda köp destanlar we gümänleri

görkezýär.Türkmen sungat dünýäsinde , halk sungatyň ösmeginde uly roly eýeleýän iki Russ alemi W.Uspenski we W.Belýaýof-dyr.

Bu iki Russ alemi Türkmenistan ýuwurdynda ýyllar boýunça aýlanyp, Türkmen medeni we şol wagtky siýasi we hem-de esasan songat tarapdan köp bilimleri öz TÜRKMENSKAÝA  MUZYKA  atly kitabynda ýazyp, bize, hasapsyz sungat baýlygymyzy uly çäkdä baýlaşdyrýar.

Ol şol döwürdäki rowaýatlar we düşünjeleri öziniň kitabynda Türkmen Tamdyra hakynda golýazma geçirip,sazçylyk edebiýat we taryhynyň ýoluny bize açyklandyryp,görkezipdir.

Gynansyk hem bu iki alem öziniň şol wagtky halkara siýasi-medeni ýagdaýa görä,Türkmen taryhyny gysga görnüşde ýazany bilen, dogry we bitarap ýazyp bilmändirler.

Tamdyraň döreýişi we onuň asyrlar boýunça öziniň täsir we häsiýetini ýitirmänliginiň sebäbini agtaryp, düşünjek bolsak, onda eýäm bu saz sungatyň nähilli derejede halk bilen aýyrylmaz gatnaşykda durýanyny,göz öňüne getirip bolar.

Tamdyra, Türkmen halkyň milli duýgusynyň guraly bolup,Türkmen ady bolany bäri halk sungaty bolup, ýüreglerde ýaňlanyp, gahramançylyk söweşleri, gaýduwsyz göreşleriň göhwäsi ,Türkmeniň milli guwanjynyň we buýsançly durmuşynyň hekaýasyny şahyrlaryň paýhaýsly goşgularyny, hünärli we owadan çeperçilik bilen bize beýan edýär.

Türkmen saz dünýäsinde, Tamdyra biziň durmuşymyzyň taryhy wakalaryny suratlandyryp, duýgy we guwanç bilen ýaşaýan wagtymyzy görkezip,busançly Türkmeniň hakyky bolşuny ,saz bilen dünýä özüni jar edip,wasp edýär. 

Kim-de kim Tamdyra öwrenjek wagty, eger-de Türkmen halkyň ösüş taryhyny yzarlap we özüniň medeniýet

durmuşyny tanap bilse,onda şol Tamdyraçy(Dutarçy) saz çalan wagty,sazyň ýa-da aýdymyň hakyky we açyk

manysyny biziñ geljegki nesilimize ,güjüne görä tabşyryp biler.

                    Sap                      Kädi                   Gapak               

Tamdyraň böleklerniň ady

Tamdyra esasan 3 sany bir – birine ýelmeşdirelen agaç böleglerinden Bejerilen. 

1.kädi     2.sap      3. gapak

Tamdyraň kädisi tut agaçdan ýasalýar.kädi ýasalan wagty her bir usta özüniň bejerliş usulina görä , uly ýa kiçi edip ýasaýar.Tamdyraň sapy erig agajyndan ýasalýar.  

kädi ýa sap haýsy bir bölek , ikisi – de agajyň ortarasyndan (magzyndan) kesilip alynýar.Tamdyraň gapagy , elbetde tut agajyndan ýasalýar.Tamdyraň nähilli ýasalyş hakynda ýörite ýazylan kitabi aşgabat şährinde tapyp bilersiňiz!

Tamdyraň owazy 2 sany kryş bilen ýaňlanýar.kryşleriň inçe we ýogynlyk derejesi tamdyraň awazyny köp ütgetýär.

Tamdyrany täze öwreňjiler üçün kryş inçe bolsa onuň barmaklarnyň asuda we tiz hereket etmegine uly roly eýeleýär.

Türkiäň saz gurallar kirş ölçgi bilen N:16 -18 kryş , barmaklara has hem mynasyp.

Tamdyrada saz çalmak üçün 13 sany – dan ebarat bolan Perde ýerleşýär.  

Hemme perdeler ½ ton beýikligde yz – yzyndan durýar. kryşleri owazlanar ýaly 2 sany eşek ( ýörite kryşler üçin,gaty agaçdan ýasalan, kiçijik köpri ) 1boýnuz tamdyraň bölegleriniň üstünde goýlandyr.

1-nji eşek şeytan perdr bilen we kryşleriň gulognyň arasynda bejerlin .

2-nji tamdyraň gapagnyň üstüne ýerleşýär.Boýnuz bolsa kädiň aşagynda mähkämlenen.kirşleri daňmak we hem sazlamak üçün her byr kirşe , bir sany tamdyra gulogy goýlupdyr.

Tamdyradan çykýan awaz saz dünýäcinde , iň owadan ses kwarta atly ton  aralygy bilen ýañlanýar.

 E ton bilen A ton aralygy 4sany bolany üçin latin dilinden gelen kwarta diýip aýdylýar.      

Tamdyra edinmek üçin malumat

Saz çalmakda haýsy bir gural bolanda , onuň dogry ýaslşy we arassa  ses çykmagy iň esasy şert.

Mesal üçün : kirşler bilen gapagyň arasy belli bir derejeden köp beýik durmagy hiç bir hewösjeň saz

çalýany begendirmeýär.

Ikinji şert Tamdyrada arassa ses çykarmak üçin perdeleriň öz ýerinde dogri ýerleşmesi.käbir ustalar

tamdyrany ýasan wagty, perdeleriň ölçegni ¼ Cm aralyg ýalňyş goýýarlar,şü sebäpli sesler ýalňyş

ton-da çykýar.

Tamdyra satyn alynan wagty, hökman ustadan tamdyraň haçan ýasalan , ýany haýsy pasyl – da

bejerlendigini soramaly.

Eger tamdyran tomus – da ýasalan bolsa , onda perdeler köp wagta çenli  gowşaman durýar.

Emma gyşda ýasalan tamdyralar , 6 aý geçmän eýýäm perdeleriň halkasy gawşaýar.

Saz höwesjeňler tamdyrany satyn alan wagty , öz barmaklarnyň ölçegine ser edip, tamdyraň sapy ýogyn ýa-da inçeräk bolmagyny we onuň öz eline laýykdygyny barlap almalydyr.

Esasan täze saz öwreňjiler tamdyry satyn aljak wagty, eger-de bir tejrebeli kişi bilen gitse oňat bolar.

Tamdyra ýasamakda,ady belli tamdyra ussasy köp bahşy-sazandalaryň halypasy mukam dörediji Gulgeldi ussa bütün türkmenlerde ady nesilde-nesile geçip onuň hakynda köp rowýatlary bize eýtipdir.

Ýaşuli sazandalaryň aýtmaklaryna görä, Gulgeldi ussa 1834-nji ýylda dogulup 1884-de aradan çykypdyr.

Ol bary ýogy 50 ýyl ýaşapdyr.

Şeýle az ýaşasada, ol Amangeldi göni( 1833- 1879), Kel bahşy( 1850-1923), Täçmämed suhanguly(1865-1942)

 ýaly ençeme ezber bahşy-Sazandalara halypalyk edipdir.Gulgeldi öz döwründe tamdyra ýasmaga ökde bolansoň, onuň adyna ussa lakamyny goşupdyrlar.

Gulgeldi ussa amangeldi gönä ussatlyk patasyny berende: sen biziň Babagammarymyz bolup eýtişersiň- diýipdir.Onuň aýdany dogry bolup çykypdy.Gulgeldi ussa Amangeldi göni bilen ýaşytdaşrak bolan.

Amangeldi bir bada ata çykyp,Türkmenleriň üstüne howp salýan gelmişekler bilen göreşip,güjüni şoňa berýär.

Gulgeldi ussa bilen duşuşanyndan soň, ünsüni tamdyra berip başlaýar.

Gulgeldy ussa mukam döretmäge-de zehinini siňderen adam.Şol döwür Gökdepede ýedi,mukamyň her nusgasyny bir ussat sazanda döredipdir. Oňa mysal edip “ Saltyklary” görkezmek bolar.             

             Tamdyrany eliňe alyp we çalmak täri

Haýsy bir saz gural bolanda – da, ony dogry eliňe alyp we jaýly tutulmagy saz çalmak tekniki , we ustadlyk

derejesine ösmeginde uly roll eýeleýär.

Tamdyrany çalmak üçün , sag el bilen kädisini tirsegiň iç tarapyndan gujoklap tutup we çep el bilen tamdyraň

sapyny saklamaly(çep elli üçün tersine). Aşakdaky surat –da görülşi ýaly.

            

Hökman kä bir öwrenjilere şeýle bir sorog gelýändir!!

Näme üçün sag el tirseginiň iç tarapy bilen tutmaly diýip?

Saz çalynan wagty, sag ely aşak we yokara oýnatmaga belli bir boş ýer gerek.tamdyryny çalýan wagtyňyz,

sag el şelpe kakanda,ýokardan aşak özüni oklap we aşakdan yokara güç bilen galdyrylỹar.

Bu hereketleri etmek üçin sag eliň gan akymny rowan akar ýaly, kädini  tirsegiň iç tarapyna goyup saklamaklyk makuldyr.Şelpäni kakylan wagty ony tamdyraň her bir ýerine kakyp bolmaz. Sebäbi eger göni gapaga şelpe kakylsa, tamdyradan çykýan awazdan başga, barmaklaryň gapaga degýän sesi hem heňiň ýanynda şagyrdy bolup eşidilýär.we bu ýaňlanýan sazyň owadanlygyny pes edýär.

Tamdyrada şelpe kakylanda, ony tamdyraň bokurdagyndan çalyp we arassa ses çykaryp bolýar.  

                                                                                                  

Kryşler we onuň sazlamasy

Bilşimiz ýaly tamdyraň awazy 2 kryşden çykýar.Not system- de her bir kryşe özüne laýyk ady bar.

Türkmen sazlary Not system-de ýazmak üçin türkmen kompozitorlary her bir türkmen saz guraly üçin we olaryň häsiýetlerine görä, ýörite Kryşler we perdeler hem-de üflenýän gurallara, mynasyp adyny beripdirler.

Türkmen tamdyrany 2 hilli sazlap bolýar.eger-de tamdyra orkester ýa-da piano bilen bile çalynmaly bolsa onda, aşaky kryşy Not system-de 2-nji we 3-nji çyzyk aralygynda ýerleşýän (a) ton beýiklige düzüp we ýokarky kryşi 1-nji çyzykda duran (e)  ton beýiklige düzýäris.

Köne-den bize gelip ýetişen ýene-de bir usul kryşleri düzmegi üçin,aşaky kryşy sazanda ýa bagşy öz islegine görä çekip we ýokorky kirşy 5-nji perd-äň aşaky kryşine deň be-deň sese sazlamasydyr.

Elbetde bu usul wagt geçen söň gerek ýeri yok.sebäbi kryşlerden çykýan owaz eýýäm sazandaň gulagyna tanyş.

  Tamdyraň perdeleri we ondan ses almak teknikleri

Bilşimiz ýaly tamdyraň 13 sany perdeleri bar.Bu 13 perde her biri özüniň magsus bolan owazy bar.

Saz çalynanda perde-den perde böküp ol sesleriň ýygyndasyndan, ýaňlandyrjak heňi  çalýarys.

Perdäni tutup basmak üçin , baş barmak bilen ýokarky kyrşy alyp we Perdäň halkasyna degmän kyrşy basmaly we orta barmak bilen aşaky Kyrşy baş barmmagyň gönisinde däl-de yz ýanynda goýmaly.

Tamdyrany çalmak sebäbli her bir saz öwrenji hökman birinjiden perdelerden arassa ses çykarmany öwrenmeli-dir.

şol sebäbli we hem-de barmaklary dürli-dürli tutuwlara öwrenişdirmek üçin ýa saz öwrenjiler arasynda aýdylşy ýaly barmaklary ýençmek sebäpli, öňüňizdäki ýümüşleri doly gaýtalap öwrenmeli.

1nji surat-da her bir perdäni tutup aşaglayn 12-nji perde çenli çalmaly.

Bu ýümüşler tamdyraň perdelerinden arassa ses çykarmak we hem-de perdelerden çykýan awazy gulaga

öwrenişdirmek-dir.Şonuň üçin çalyp başlan wagtyňyz,hiç hilli hauwlukman her bir perdäni bir-birden tutup we

olardan doly  açyk ses bilen çalmak ugrunda bolyň.  

2nji surat-da birinji perdeden tutan soň , 5-nji barmak bilen 3nji perdäni hem basyň we şeýdip yzly-yzyndan 12-nji perde çenli dowam ediň.

Baş barmak we orta barmak gapma-garşy durmany, yzly-yzynda durmaly.

Tamdyraň perdeleri we onuň atlary

Öň aýdyp geçişimiz ýaly Türkmen kompozitorlary  her bir türkmen gurallar üçün we onuň tonlaryny not

ýazuwsynda ýazmak üçün ,dünýa sazçylyk kanuna deň bolan not ýazuwsyny her bir gurallyň häsiýetine görä düzeldipdirler.Tamdyraň perdelerinde, tonlaryň hemmesi ½ ton izlikde oturýar.

Sesler ½ ton aralykda eýrleşeni üçün käbir perdeler 2 ady bolup emma, şol bir sesi ýa-da perdäni aňlatýarlar.

Bular  S  we  Q  bellik bilen  ýazylar Aşakdaky bölümde tamdyrañ perdeleri köneden Türkmenlerde adlanan we saz öwrenjiler öz Halypa, ustadlaryndan saz öwrenmekde,haýyrlanan atlary görýäris.

Ýenede Not ýazuw-da,kyrşleriň adyny perdeleriň üstünde, harplyk bilen saýlanyp duranyny görkezmek bolar.

       

1 nji perde
2 nji perde
3 nji perde
4 nji perde 
5 nji perde

Aşaky kyrş a

Ais …….b
H......ces
c´is.....d´es
Baş perde
Nowai perde
Ýokarky açyk perede
Ýokarky kyýamat perde
Bäşinji perde

Ýokarki kyrş e

F
fis.......ges
G
gis......aes
a
6 nji perde
7 nji perde
8 nji perde 9 nji perde 10 nji perde 11 nji perde 12 nji perde 13 nji perde
a
d´is.....a´s
f´is......g´es
g´is.....a´es
a´is
Geňzu perde
Aşaky açyk perde
Türkmen perde
Ogurja perde
Göni perde
Aşaky perde
Kiçi şirwan perde
Uly şirwan perde
e
ais.......b
H
c´is......d´es
d´is......e´s
e´ís

Sorak we ýümüş.

1.Tamdyra we onuň Türki dill halklara gatnaşygy sebäbi näme ?

2.Näem üçin Tamdyra kyrşy näçe inçe bolsa, çalmasy aňsat we owadan ýaňlanýar ?

3.Tamdyra owazy Not boýunça haýsy ses aralygynda düzülýär? we olaryň atlary nämeden ebarat?

4.Tamdyra perdelerniň Not we halk arasyndaky ýörgünli atlaryny ýümüş edip öwreniň.