Tamdyra sapagy (1) ; Muzik teoriýsi bilen tanyşmak (2) ; Tamdyra sapagy (3) ; Tamdyra sapagy(4) ; Türkmen Aýdym-saz rowaýatlaryndan(5) ;

Tamdyra Sapagy: Rhythm (6) ;Takt, Taktçyzyklar, Taktgörnüşleri (7) ; Tamdyra sapagy (8) ;Şelpeler (9)

Tamdyra Sapagy: Rhythm(6)

Not

Pauzalar

Doly not we pauzalar 

ýarym not we pauzalar  

 çärýek not we pauzalar   

  sekgizden bir not we pauzalar

onaltydan bir not we pauzalar

Nokatly notlar

bir birine bagly notlar

Balken we guruklar

Akkordlar  

 Not  

Notlaryň dürly görnüşleri bar we belli bir not görnüşi, onuň näçe wagt saklanýandygyny görkezýär.Noti çalyp saklamaly zaman,berilen takt urgylaryň sany bilen we takt görnüşüne degişli bolup, çalmaly tempo bilen şertlidigini aňlatýar.

Notlariň içi doly ýa-da boş hem bolup bilýär.we bir sany not taýagly,ýene-de bir ýa näçe gurugly bolup düzelip biler.notiň haýsy bir sanap geçen häsiýetlere eýe bolsa , onuň saklap çalmaly wagtyny aňlatýar.we pauzalarda hem şüňa meňzeş.

 Pauzalar                  

Saz bölümniň içinde noty çalynmany, ýöne ses-syz zamanyň ölçegi hasabynda Şol saz bölüminde bolup gelýän belliklere Pauza diýilýär.Diýmek pauza:sesleriň arasyndaky dym-dyrsykly ölçegi bolup ,şol sazyň bir böleg hasabyna girýär.

Pauzalariň edil not görnüşleri ýaly dürli-dürli ölçegleri bar.bir pauzaň dowamlygy , berilen takturgylaryň sanyna, we taktgörnüşine bagly we çalmaly tempoa , şertlidir.

Doly notlar we pauzalar 

Doly notlar we pauzalar 4 sany çärýeknot ölçegi bilen deňdir.(köp ýerlerde 4 sany takturgybilen deň hasaplanýar).

Bir doly not içi boş we taýaksyz bolýar.Doly not adyny, 4/4 takt ölçeginde doly bir takta sygýany sebäpli aýdylýar

 
Takturgy we kakuw ikisi deň däldir.Takturgusy Takt ölçeginiň urgusy, kakuw bolsa , şol takturgyň hasabynda bolan notlaryň urgusy.Diýmek doly noty çalan mahalymyz bir gezek kakyp, Takt urgyň 4-de çenli saklap durýarys.

                    1w,2w,3w, 4w                        1w,2w,3w,4w                   

                     4 takt urgysy                              kakuwny urmaly däl.

Ýarym notlar we pauzalar.

Ýarym notlar we pauzalar her biri 2 sany çärýeknot ölçegi bilen deňdir.(köp ýerlerde 2 sany takturgy bilen deň hasaplanýar).Bir ýarym not içi boş we taýakly bolýar.Ýarym not adyny, 4/4 takt ölçeginde 2 sany ýarymlyk notlar takta sygýany sebäpli aýdylýar 

  Ýarym notlar

4/4 ölçegde bir takt doldyrmak üçün 2 syny ýarym notlar gerek

Ýarym notyň kakuwsy 2 takturgyň wagtyna deňdir.

Ýarym notlar we pauzalar tamdyrada, çalnyş görünşi :

Audio : ýarym not we pauzalar

                1w,2w    3w,4w       1w,2w     3w,4w          

                bir takt urgy  bir takt urgy   

Çärýek notlar we pauzalar

Çärýek notlar we pauzalar 1 sany çärýeknot ölçegi bilen deňdir.(köp ýerlerde 1 sany takturgybilen deň hasaplanýar).Bir çärýek not içi doly we taýakly bolýar.

Çärýek not adyny, 4/4 takt ölçeginde 4 sany çärýeklyk notlar takta sygýany sebäpli aýdylýar 

Çärýek notlar

4/4 ölçegde bir takt doldyrmak üçün 4 sany çärýek notlar gerek

Çärýek notiň kakuwsy bir takturgyň sanyna deňdir.

Çärýek notlar we pauzalar tamdyrada, çalnyş görünşi :

Audio : Çärýek notlar we pauzalar

               1 w   2w     3w    4w

Sekgizden bir notlar we pauzalar

Sekgizden bir notlar we sekgizden bir pauzalar bir çärýek notyň ýarsyna deň bolýar. .(köp ýerlerde 1/2  takturgybilen deň hasablanýar).1/8 notlaryň içi doly we nottaýagynda bir sany gurujygy bilen ozalky notlardan tapawotlanýar.1/8 not adyny,4/4 takt ölçeginde 8 sany sekgizlyk notlar takta sygýany sebäpli aýdylýar.   

1/8 notlar    

                            4/4 ölçegde 8 syny 1/8 not bir takta sygýar

1/8 pauzalar
Sekgizden bir notlaryň kakuwsy ½ takurga deňdir.S

ekgizden bir notlar we pauzalar tamdyrada, çalnyş görünşi :A

udo :sekgizlik not we pauzalar

                1       w       2       w       3      w       4        w

Onaltydan bir notlar we pauzalar

Onaltydan bir notlar we  pauzalar bir çärýek notyň 4-den birine Deň bolýar. (köp ýerlerde 1/4  takturgybilen deň hasaplanýar).

1/16 notlaryň içi doly we nottaýagynda 2 sany gurugly bolýar.1/16 not adyny, 4/4 takt ölçeginde 16 sany 1/16 notlar takta sygýany sebäpli aýdylýar.     

                                                  1/16 notla

4/4 ölçegde , bir takt içinde 16 syny 1/16 not sygýa

Onaltydan bir notlaryň kakuwsy , bir takturgyň 1/16 deňdir.                

Onaltydan bir notlar we pauzalar tamdyrada, çalnyş görünşi :

Audio :onaltylyk not we pauzalar

1…………….w……………2……………. w…………..3……………w……………4……………w

Nokatly notlar we Nokatly pauzalar 

Kä mahallar bir not ýa-da pauzaň izinden bir nokat oturýar.Bu nokat şol notyň we pauzaň ölçegini ýarym esse köpeldýär.

Mesal : ýarymlyk notyň izinden nokat gelse onda , şol notyň ýaňlanmaly zamany ýarym esse uzalýar(diýmek, bir çärýek not , ýarymlyk notyň üstüne goşulýar) 4/4 takt ölçeginde diýmek, nokatly ýarymlyk not 3 takturga çenly saklamaly.Eger bir1/4 notyň izinden nokat otursa onda, ýarym esse not ölçegi onuň üstüne goşulýar (bir 1/8 not) .

Şeýle nokatly çärýek not 4/4 taktölçeginde, 11/2 takturga çenly saklamaly.

                  1/4not                            nokatly ¼ not    ¼ pauza                    nokatly ¼ pausa

                            1/8 not                                                   +1/8 pauz

Nokatly notlar Türkmen sazynda gaty seýrek duş gelýär we köplenç halatda şelpelere degişli.Mesal : Ne bag düydi , ne bagban sazynda.

Nokatly notlar we pauzalar tamdyrada, çalnyş görünşi :

Ýaý belligi Türkmen halk saz – aýdymlarynda köp duş gelýär.Bir-birine bagly notlar tamdyrada, çalnyş görünşi.

Balken we gurujyklar 

Çärýek not-dan kiçi notlar(sekgizlik, onaltylyk notlar)nottaýagynda gurujyk ýa-da balken bilen ýazylýar.

Eger 2 sekgizlik notdan köpräk bir taktyň içinde gelse ton beýikligine garamazdan , olar balken bilen ýazylýar.

                    Sekgizlik notlar                                    Onaltylyk notlar

                    Gurujyk bilen      Balken bilen   

Akkortlar
 
 
Eger haýsy bir saz guraly bolanda-da köp notlar bile çalynsa,bu notlar akkord hasabyna girýär.köp saz gurallar-da welin bir not çalynýar emma piano-da birden kän notlary bir zaman-da çalyp bolýar.Akkord-da hemme notlar bir nottaýag-da setirlenip durýar.

Nottaýag haýsy tarapa durmaldygyny ýöne, ortaky not çyzyga haýsy not daş bolsa şoňa baglydyr.

 

Akkord ½ not bilen         Akkord 1/8 not bilen

Akkord ¼ not bilen

Sorak we ýümüş.

1. Not çalynan wagty name şertler esasynda çalynýar ?

2. Notlaryň dürli görnüşleri we 4/4 takt – da notyň her bir görnüşünde näçe sanysy sygýar ?

3. Pauza sazda name roly bar ?

4. Audio – da çalynyp berilen notlary öwreniň.

5. Aşakdaky notlary yzly – yzyna çalyň.