Tamdyra sapagy (1) ; Muzik teoriýsi bilen tanyşmak (2) ; Tamdyra sapagy (3) ; Tamdyra sapagy(4); Türkmen Aýdym-saz rowaýatlaryndan (5) ;

Tamdyra Sapagy: Rhythm (6) ;Takt, Taktçyzyklar, Taktgörnüşleri (7) ; Tamdyra sapagy (8) ;Şelpeler (9)

Tamdyra sapagy(4)

Not öňündäki bellikler

Not öňündäki bellikler, bir kiçi symbol bolup not  öňünde çep tarapynda durýar we şol notiň ton beýikligini ýarym ton ütgetýär.

Müzik not system-de ýokara galdyrlan( beýik edýän bellik, notiň, ton beýikligini1/2 ton galdyrýar). peseldýän bellik ( bü bellik notiň, ton beýikligini½ ton peseldýär) , tebigi notlar ( öňki görnüşüne getirýär) .

beýik edýän bellik          pes edýän bellik                    tebigi bellik 

Haýsy bir bellik tak-da, not öňünde goýlan wagty , şol takt içinde we şol oktawa dowamynda ütgeýär.diýmek not bellikleri haçanda, bir notiň öňünde goýulsa onda diňe şol takta degişli bolýar.

Ýokara galdyrýan bllik

Ýokara galdyrýan bellik not öňünde goýlan wagty ,şol noti ½ ton ýokardan Çalmaly-dyr.Eger piano-da çalsak, onda gara reňkli basuwny sag tarapda tutmalydyr.

Ýokara galdyrýan bellik not ýazuw-da IS söz bilen notiň söňüne goşulyp okalýar. Eger siz beýik edýän belligi G basuwň öňünde görseňiz onda , ak G basuwň sag tarapynda gara reňkli Gis basuwny basmaly-dyr.

G ni ½ ton beýik edip çalmaly.

Tamdyra perdeleriň aralygy ½ ton-da tertiplenip durany üçin , bu bellik ýazylan wagty, 1 perde aşak çalmaly.( Elbetde, ýene , perdäň adyna ser edip.)perdeleriň atlaryny doly öwrenmelidir !!

Tamdyra perdelerinde bolsa bir perde ýokardan tutulýar.         

Mesal : 5- nji perde-de haçan-da d sesi ½ ton peselse, onda 4 – nji perdäň aşaky kyrşyny we 5 – nji perdäň ýokarky kyrşyny tutmalydyr.

Peseldýän bellik

Peseldýän bellik notiň öňünde gelen zaman , şol noty ½ ton aşak çalynýar.

Piano-da çalsak onda gara raňkli basuwny,ak reňkliň basuwň çep tarapynd-an tutmalydyr.Eger H notiň öňünde () bellik dursa, onda gara reňkli B,ak  H basuwň çep tarapyndan çalynýar.

H-ni ½ ton peseldip çalynýar

Tamdyra perdelerinde bolsa bir perde ýokardan tutulýar.         

Mesal : 5- nji perde-de haçan-da d sesi ½ ton peselse, onda 4 – nji perdäň aşaky kyrşyny we 5 – nji perdäň ýokarky kyrşyny tutmalydyr.

Tebigi notlar

Tebigi bellik , öňki belligi aýryp, noty öňki görnüşüne öwürýär.Diýmek siz notlary şol wagt belliksiz edip çalýarsyňyz.

Aşakda G ton basgançygynda siz F noti Fis edip çalýarsyňyz. Eger tebigi belligi F notiň öňünde goýsak, siz F noty belliksyz edip çalmaly bolýarsyňyz,welin G ton basgançygynda aslynda Fis edip çalmaldyňyz.

Enharmoni
Enharmoni diýmek bir we şol noty dürli atlar bilen görkezmekdir.

Eger-de bir not dürli atlara eýe bolsada , şonda-da deň ton beýiklig bilen çalynsa oňa enharmoni diýiler.

Mesal: bir B (peseldilen H) Ais not bilen, ton beýikligi deň dir. 

Peseldilen F bolsa E not bilen deňdir.

Ton beýikligi dürli not atlary bilen çalyp bolýar, muňa enharmonic diýilýär.

Eger tamdyraň perdeleriň adyna ser etseňiz , onda, enharmoniýa Türkmen muzik-de nähilli derejede güýçlidigi görünýär.

Not taýagy


Not system-de her bir notiň , not gurulşysy bolýar.Notiň uzak wagta ýaňlaýşyna göre not taýagy(Not bokurdagy) bolýar.

Not taýagy hemişe ýokara çekilmeýär.Not saçagynda notiň  duran ýerinden belli bir aralyg ölçenip, not taýagy aşaklaýyn hem çekilýär.

Her bir not , not saçagynyň ortaky çyzyga ýakyn durup , ýokarsynda ýerleşse, taýagy aşak çekilýär we tersine.

Not saçagyň orta çyzygyň aşagynda

duran notlar , taýagy ýokarlaýyn çekilýär .

not saçagyň orta çyzygyň ýokarsynda

duran notlar, taýagy aşak çekilýär.

Akkord bilen çalynan notlar, not taýagy iň  inçe ýa-da ýogyn sesleriň(not) orta çyzyga uzaklygy,not taýagyň haýsy ýana çekilmeldigine bagly bolýar.

Akkor-da not taýagyň, nähilli durmaldygyna, orta çyzykda iň uzakda duran not

şertli-dir.

Orta çyzyk

beýikde duran A orta çyzykdan G göre daşda durýar.

Bir-birine bagly notlar hem, ýokardaky deňesmesi bilen bir meňzeş şertleri Bar.

Sorak we ýümüş
1.Tamdyraň perdelerniň adyny 7 – nji perde – de  süýem barmakda we 8 – nji perde-de baş barmakda Not boýunça adyny ýazyň.

2.Tamdyraň perdelerniň aralygy näçe ton-da durýar ?

3.Not öňündäki bellikler haýsylar  we saz – da näme görkezmesi bar ?

4.Enharmoni nämel ?

5.Not taýaklary haýsy düzgün boýunça ýerleşýär ?