Tamdyra sapagy (1) ; Muzik teoriýsi bilen tanyşmak (2) ; Tamdyra sapagy (3) ; Tamdyra sapagy(4) ; Türkmen Aýdym-saz rowaýatlaryndan(5) ;

Tamdyra Sapagy: Rhythm (6) ;Takt, Taktçyzyklar, Taktgörnüşleri (7) ; Tamdyra sapagy (8) ;Şelpeler (9)

Takt, Taktçyzyklar, Taktgörnüşleri (7)
Takt

Taktçyzyklar

Takturgylary

Takt sanlary

Taktgörnüşler

TaktTakt

Notlary tertip we düzgün bilen ýazmak we okap çalmak üçin haýyrlanylýar. Mundan başga taktyň içinde nähilli taktgörnüşüne bagly belli bir san takturgusy bolup, taktçyzyk bilen bölünýär.

Mesal:4/4 Taktgörnüşünde bir takt içinde 4 sany ¼ not ýa-da4 takturgy bar.Onda syz taktdan-takta geçmänkäňiz her bir takt-da 4 sany takturgyny sanamalydyrsyňyz.

Taktçyzyklar

Taktçyzyk adyndan belli,iki takty bir-birinden göni çekilen çyzyk bilen aýryşdyrýar.Bu çyzyk not saçagynda iň aşaky not çyzygdan başlap 5nji çyzyga çenli çekilýär.

Pianoň not systeminde, taktçyzygy not saçagyň Bass açaryň aşakdan birinji notçyzykdan başlap, not systemiň Violon açaryň ýokarky notçyzyga çenli çekilýär.

Saz bölegiň soňunda iki sany taktçyzygy bir-biriniň izinde durýar we köplenç şolariň biri ýogynrak çyzylýar.Beýle çekilen taktçyzyg sazyň gutarandygyny aňlatýar.

 Taktçyzygy 2 not systeniň üstünde çyzylan         iki taktçyzygy

                                                                          Saz bölegiň soňunda

Takturgusy 

Takturgy sazyň ýureg urgusydyr.Sazyň umumy ölçegi köplenç ¼ notlar bilen sanalýar. Emma başga bir taktgörnüşi ýa-da tempo takturgyň sanamalsynyň tärini ütgedip bilýär.

4 sany1/4 not                 3 sany 1/4not             2 nokatly ¼ not  
Takt sanlary

Takt sanlary , taktçyzyklaryň üstünde kiçijik sanlar formada ýazylýar.Bu sanlar taktçyzygyň sag tarapyndaky takty görkezýar.Takt sanlar mesal üçün: sazy öwrenen wagtymyz , haýsy takt-da kynçylyga duşsak onuň haýsy taktdygynyň sanyny görkezýär.

Takt sanlary

Taktgörnüşleri

Nota geçirlen saz böleginde taktyň görnüşi, şol saz-da takty nähilli sanalmaldygyny belli edýär.Takt ölçegei bir taktyň içinde näçe notSygyp biljekdigini ölçäp berýär.

Mesal aýytsak:Eger bizde 4/4 taktölçegimiz bolsa, ikinji 4 şol taktiň ölçegi haýsy not(1/4,1/8, 1/16)hasaba alynýardygyni aýtýar.Diýmek 4/4 taktiň ölçegi çärýek not bolar.Birinji 4, sol takt-da näçe Not bardygynyň belligi-dir(şü ýerde çärýek not).

Sanalýan- takturgylaryň sany 4

  ölçeg- takt ¼ not bilen ýazylýar.

Ýene bir mesal :6/8 takt.syz her takt-da 6 sany 1/8 noty sanamaly.

Sanalýar= 6: her takt-da 6 sany takturgy

Ölçeg=8: takturgy 1/8 notbilen deň  

Ton görnüşleri

Tongörnüşi  saz-da haýsy notlardan haýyrlanýangyny görkezýär.Kä bir tongörnüşler bir (ýa ýene-de ton-a bagly) notyň öňünde bellik goýup sesleri şol tonyň häsiýetine görä üýtgetýär.

Şu bellik not açaryň yzyndan bir Gezek goýulup we soňra gaýtalanmaýar, ýöne eger çalynýan sazyň talabyna görä notyň öňündäki bellik ayýrylmaly bolsa we ýa başga bellik goýulmaly bolsa, onda diňe şol ütgedilen nota degişli we ýene-de başdaky bellik geljek notlara degişlidir.

Her bir tongörnüşüň ady haýsy not bilen başlaýandygyny görkezýär.Tongörnüşler iki hilli formada Dur ton we Moll ton-da ýazylýar.

Dur tonda not açaryň izin-dan beýik edýän bellik oturýar, we Moll ton-da peseldýän bellikler.

C dur                                                                A moll

Belliksyz ton bsgançagy                          C dura meňzeş ton basgançag

-------------------------------------------------------------------------------------------------------------------

Ton basgançag C bilen başlanýar.          Ton basgançag A bilen başlanýar.

G dur                                                     E moll

Ton basgançag G bilen başlanýar.                         Ton basgançag E bilen başlanýar.

Dynamik

Müzik-de Dynamik, notlaryň sesi beýik ýa pes ýaňlanmasyny belli edýär.

Köp dynamik symbollar bar we olar sazyň nähilli dynamik formada çalynmaldygyny görkezýär. Busymbollar harplyg bilen ýazylýar we italiýen dilinde okulýar.

köp pes       pes          gaty köp pes       gaty köp beýik      beýik         köp beýik
Tempo

Bir saz bölümde, tempo,  taktyň urgularynyň nähilli çaltlykda sanamaldygyny görkezýär.şeýlelikde 1 dagyga dowamynda takturgylar tempo bilen hasaplanylýar.60 tempo diýmek, her  sanyýe-da bir takturgy sanalýar.we şoňa meňzeş 120 tempo-da her sanyýe-da 2 takturgy sanalýar.Takturgulary sanamalsyny aňsatlaşdyrmak üçün(96 takturgyny1 dagyga-da sanamany kime başardýar) metronom guraldan haýyrlanýarys.

Metronom klik ses bilen takturgyň dogry çaltlygyny aňlatýar.
Tempo = takturgylaryň sanynyň ölçeg zamany.

tempo = 60  1 klik

tempo = 90   2 klik sanyýada

tempo = 120 3 klik sanyýada

Sorak we ýümüş

1.Notlar takt-da haýsy şertler bilen ýazylyp , okalýar?

2.Taktsany we takturgyng bir-birinden näme tapawoty bar?

3.Bir takturgyda köp sanly not syganda haýsy düzgün bilen çalynmaly?

4.tempo sazda nämeroly bar?