SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GEÇ

GEÇ, Ýerden gazylyp alynýan duza meňzeş digir-digir toprak, köl heki. Geç bilen suwalyp, diwarlary agardylypdyr (A. Gowşudow, Köpetdagyň etegin-de).


GEÇGEL, ser. G e ç g i n. Geçgel haryt.


GEÇGIN, Gowy alynýan, gowy satylýan, tiz geçýän, geçgel, ýörgünli. Gök önüm ilki çykanda, gaty geçgin bolýar.


GEÇGINSIZ, Köp alynmaýan, az alynýan, geçmezek. Bazarda kelem şu wagt geçginsiz. Geçginsiz haryt.


GEÇEGÇI, 1. Ýoldan geçip barýan, ýolagçy, ötegçi.

2. göç. m. Uzak ýaşamaýan, tiz ötüp gidýän. O  garrylar näçe günüň adamsydyr öýdýäň, olar geçegçi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GEÇELGE, Adam, mal-gara, ulag we ş. m. geçer ýaly ýer, güzer, ötelge, geçit. Bulary iň ýakyn ýol bilen geçelge eltdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Bular tiz tokaýa urup, geçelge baka gitdiler (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).


GEÇEMJEK, bot. Käşiriň ýapragyna menzeş ýaprakly, köki miweli ösümlik. Daga geçemejek ýygmaga gitdik.


GEÇI, Şahaly, gäwüşeýän, süýt we çöpür berýän eldeki dowar, öý haýwany. Geçiniň çöpürşden işilen üç bükdürme inçe tanap Aýnanyň näzik elleriniň içinden geçip gitdi, gollaryny doňdurypdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim) Geçe jan gaýgy, gassaba — ýag (nakyl).

Geçiň ýüz — sözüň düz; geçiň üç — sözüň puç (nakyl).


GEÇIBERMEK, Duşundan aňryk gidibermek, bir zadyň üstünden aşybermek, ötübermek; giribermek. Geç diýemde, sesiňi çykarman geçibergin (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GEÇIGULAK, dial. I. Pişme.

2. bot. Süýnmek uzyn ýaprakly ot.


GEÇIGUŞ, zool. Guýrugy inçejik, ala ýeleklije, kiçijik guş. Kesellerden başga ýüpek gurçuklaryna serçe,

goýunguş, geçiguş, her hili arylar, çyrlawuklar ýaly gemrijiler uly zyýan berip biler (W. Z.Raenko, ýüpekçilik boýuňça öňde baryjy tejribe).


GEÇILMEK,  1. Belli bir aralyk ýörelip ötülmek. Sagatda 50 km geçildi.

2. Günäsi bagyşlanmak.Başyny etegine salyp gelen adama gan algyň bolsa-da , geçilýändir   (B.  Kerbabaew, Aýgytly  ädim). 3. ýüz döndirilmek.


GEÇIRIBERMEK, Bir zadyň üstünden ýa-da içinden ötüribermek.


GEÇIRILMEK, 1. Bir zadyň üstünden ýa içinden ötürilmek, geçirip goýberilmek. Aňyrdan gelen   baýarlara sala oturdylyp geçirilmeli boldy (B. Kerbabaew.Aýgygly ädim).

2. Amala aşyrylmak, ýerine ýetirilmek.berjaý edilmek, geçirip gutarylmak. Tejribe geçirilmek.

3.  Alnyp rylmak. Kolhozçylaryň arasynda jemgyýetçilik-siyasy iş geçirilýär. Ýakynda  edaramyzyň ýyllyk hasabat ýygnagy geçirildi.

4. Kabul edilmek. alynmak. Işe geçirilmek.

5. Başga işe, ýere bellenmek, orny, derejesi üýtgedilmek.   Klasdan klasa geçirilmek.

6.  Terjime edilmek, öwrenilmek.Iki gezek tejribe geçirildi.


GEÇIRIM, Dözmezçilik, rehim, ötürim. Hi seniň geçirimiň bolmazmy?!


GEÇIRIMLI, Göwrümi  giň, adalatly, rehimli, ötürimli.


GEÇIRIMLILIK, Geçirimli bolmaklyk, adalatlylyk, rehimlilik, ötürimlilik. Men özümiň geçirişligim sebäpli oňa degmedim  (A. S. Puşkin, Saýlan eserler). Sizits şanly geçirimliligiňiz günämi ötersiňiz  diýip  umyt etmäge maňa  mümkinçilik  berýär (M.  Gorьkiý, Eserler).


GEÇIRIMSIZ, Rehimsiz, doň ýürek, zabun. Düşüniksiz, geçirimsiz kelesatslyk etdim, men  (A. S. Puşkin Saýlanan eserler). Rehimsiz we geçirimsiz bolmak.


GEÇIRIMSIZLIK, Rehimsizlik, doň ýüreklik, zabunlyk. Geçirimsizlik etmek. Geçirimsizlik iş görmek.


GEÇIRMEK. 1. Bir zadyň üstünden ýa içinden ötürmek, Deşikden ýüp geçirmek. Mallary geçelgeden geçirmek. Myhmany itden geçirmek.

2. Urup sokmak, sünçmek, sançmak. Duşmanyň böwründen naýza geçirmek.

3. Başga ýere, işe bellemek, ornuny   uýtgetmek.   Hasapçyny ýerine geçirmek. Başga işe geçirmek. Klasdan klasa geçirmek.

4. Bir kär bilen meşgul bolmak, ötürmek .

5. Bagyş etmek, bagyşlamak (günä we ş. m. Hakda). Meniň gyzgyn ganlylygymy geçiriň!  (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

6. Alyp barmak (ýygnak we ş.m. hakda). Iwan Timofeewiç şondan ýarym sagat ozal gysgajyk ýygnak geçirdi   (B. Kerbabaew, Aýgytly ädium).

7. Ýerine ýetirmek, berjaý etmek, amala aşyrmak. Otamak işini haşal otlar gögeren dessine geçirmek  («Mydam taýýar» gazeti).

8. Terjime etmek, bir dilden ikinji dile öwürmek.

<>Gözden   geçirmek — ser. G ö z. Ol oýnaýan çagalary we olara guwanç bilen garaýan ata-eneleri gözden geçirdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GEÇIRTMEK, 1. Bir zadyň üstünden ýa içinden ötürtmek. Ýüpi halkadan geçirtmek. Dowarlary, derýadan geçirtmek.

2.   Urup sokdurmak,  sünçdürmek,sançdyrmak. Duşmanyň bagryndan hanjar geçirtmek.

3. Başga ýere  belletmek, ornuny  üýtgetmek.   Klasdan  klasa gçirtmek. Başga  wezipe  geçirtmek.  

4. Bir  iş boldurmak, ötürtmek.  Durmuşy şatlykly geçirtmek.

5.Bagyş etdirmek, bagyşlatmak. Günäsini geçirtmek.

6. Alyp bardyrmak (ýygnak we ş. m. hakda). Ýygnak geçirtmek. Maslahat geçirtmek.

7. Ýerine ýetirtmek, berjaý etdirmek. Otag işini wagtynda geçirtmek

8. Terjime etdirmek, bir  dilden ikinji dile öwürtmek, çöwürtmek.


GEÇIT. ser- G e ç e l g e.  Müň içitden bir geçit (nakyl)


GEÇMEK, 1- Ötüp gitmek, girip gitmek, bir zadyň ütünden aşmak, ätläp aňyrsyna barmak. Gädikden geçmek. Ýoldan geçmek. Köprüden geçmek. It üýrär, kerwen  geçýär (nakyl).

2. Kabul edilmek, bellenmek, girmek.

3. Gowy satylmak, alynmak. Malymiz oňat geçdi. Gowy geçýän haryt.

4. Bir ýere (gurama) girmek, bir gurama agza bolmak..

5. Bir işi gutaryp, ikinji işe başlamak. Eseriň birinji bölümini gutaryp, ikinji bölümine geçmek.

6. göç. m. Birinden, bir zatdan ýüz öwürmek, elçekmek. Geçenden — geç (nakyl).

7. Bagyşlamak, ötmek. Hoşgeldi seniň göwnüňe degen bolsa-da, sen onuň günäsin geç! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

8. Ara wagt düşmek, ötmek. Aradan ýyllar geçdi («Pioner» žurnaly).

9. Kömekçi işlik fuikiiýasynda ysnyşyp gelýän işligi bilen birlikde gymyldynyk bolup gutaranyny görkezýär. Belläp geçmek, gelip geçmek, durup geçmek, uçup geçmek, kesip geçmek.


GEÇMIŞ, 1. Öten zaman, gadymy zaman, geçen wagt. Eý geçmişiň gara hatly kanuny, Açýan seniň gizlin syryň paş edip (N. Pomma, Saýlanan eserler).

2. Geçen durmuş, terjimehal. Sen öz geçmişiň nemesini ýadyňa salyp bilersiň (M. Gorьkiý, Ene).