SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GEZ

GEZ, 1, Tirsekden barmagyň ujuna barýança bolan uzynlyk. Ol çommalyp oturyşyna hem beýleki. perizatlardan gez ýarym ýokary görünýär («Görogly» eposy)).

2. Degirmeni çalt we ýuwaş ýöretmek üçin goýulýan gural. Degirmeniň gezi galyp-dyr. O Bir gez ýokary galmak — örän gaty-begenmek, guwanmak. Bir gez beýgelmek — ser. Bir gez ýokary galmak.


GEZDIRMEK, .Eýläk-beýläk ýöretmek, aýlaň-çaýlan. etdirmek, gezmeletmek. Guşlary gezdirmek üçin olar ýörite gezilýän kletkalara salynýar (N. A. Iwanow.. Guşçulyk maldarçylygyň iň möhüm pudaklaryndan biridir).

* Gep gezdirmek — ser. G e p. Men sypatymy üýtgetsem-de, gep gezdirýän, agzalalyk salmaga çalyşýan haýynlardan däl (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

* Göz gez d i r m ek — ser. G ö z. Akgyz hemmeden öň çykdy-da, gapa Gözüni gezdirip, syn etdi köpe («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GEZE-GEZE, Aýlana-aýlana, gezip-gezip, köp ýöräp.. Şu gün şäheri geze-geze lütüm çykdy.


GEZEGEN, 1. Köp gezýän, köp gezmegi halaýan, biderek ygyp ýören. Däli.toýa bolmaz, gezegen — idege (na-kyl).

2. gepl. d. Ahlak taýdan bozulan.


GEZEGINE, ser. G e z e k-g e z e g i n e. Çaý haltany men Aşyr bilen gezegine götereris — diýip oýlapdym (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GEZEK, 1. Gaýta, sapar, öwran, ýola. Puşkiniň ata-babalarynyň atlary Russiýa taryhynyň sahypalaryn-da telim gezek duş gelýer (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler.

2. Düzgün, nobat. Olar süri bolup gezýärler, otlaýan wagtlarynda hemişe gezegine biri garawulçylyk çekýär (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

<> Gezegi ýetmek — nobaty gelmek, gezegi gelmek.


GEZEK-GEZEGINE, ser. Gez e k l i-gez egin e. Soňra bolsa gezek-gezegine çykyp başlarsyňyz («So-wet edebiýaty» žurnaly).


GEZEKLEŞDIRMEK, Gezekli-gezegine, nobatma-nobat ýerine ýetirmek, nobatma-nobat çalşyrmak, nobaty boýunça goýbermek. Gezekleşdirip işletmek.


GEZEKLEŞIBERMEK, Gezekli-gezegine edibermek, nobatma-nobat çalşyp ýerine ýetiribermek.


GEZEKLEŞMEK, Gezekli-gezegine etmek, nobatma--nobat çalyşmak, gezegine iş salyşmak. Gezekleşip

urdular, Gan aýlandy gözüme. (A. Kekilow, Saýlanan eserler).


GEZEKLI-GEZEGINE, Nobatma-nobat, gezek-gezegine, yzly-yzyna. Ol gezekli-gezegine aýaklarynyň üstünde durup: — Hawa, täze ädigiň geregi ýok — diýdi (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GEZEKME-GEZEK, ser. G e z e k l i-g e z e g i n e. Ofitserler gezekme-gezek biri-birleriniňkä ýygnanyşýardylar (M. ÝU. Lermontow, Bizin zamanymyzyň gahrymany).


GEZELENÇ, Açyk howada dynç almak üçin edilýän aýlan-çaýlaň. Şu gün bir gezelenje çykaýyn — diýdim (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GEZELMEK, I. Birine ýa-da bir tarapa çenelip durmak, göni direlip durmak, gezäp goýulmak. Ol gorkuly gözlerini töweregine aýlanda, tärimiň kökleri onuň görejine gülle bolup gezeldi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Bir zadyň agzyna keserdilip goýulmak. Geçelge goýlan agaç gezelip dur.

<>Gezelip durmak — biriniň ýanynda işsiz sömelip durmak.


GEZEMEK, Birine ýa-da bir zada çenemek, dogrulamak. Begenç Potda ýumrugyny gezedi (B. Kerbabaew, Aýsoltan Olary mazaly tanaýança, Garýagdy awtomatynyň agzyny gezäp durdy (X. Ysmaýylow, Powestler).


GEZEN, Aýakgap ussalarynyň ulanýan pyçagy.


GEZENDE, Jahankeşdelik edip ýören, köp  ýerleri aýlanyp gezip gören   (adam).  Ogrumy sen ýa gezende, Çandybiliň giň düzünde («Görogly» eposy). Ol gezen-de adamdyr.


GEZENMEK, Birine ýa-da bir zada çenenmek. Taýagy çenäp, gezenip durma!


GEZER, Atyň ýörişiniň ýorga ýakyn bir görnuşi. Uzak yzda galdy oba, ýol gezerne geçdi atlar (Çary Aşyr, Poemalar).


GEZERINE, Gezer görnüşindäki ýöriş bilen.

Atyny gezerine sürüp barýan Kuýbyşewiň keşbinde häzir aýratyn bir agramlylyk duýulýardy.    Artyk alaşany gezerine sürüp gelýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GEZERMEN,  ser.  G e z e n d e.  Gezermen  adam.


GEZEŞMEK, Ýerli-ýerden gezemek, köp sanly bolup gezemek, çeneşmek.  Çopanlar hem taýagyny    gezeşip çykdy öňünden («Görogly» eposy).


GEZIBERMEK, Gezmekligi ýa-da bir ýerde bolmaklygy dowam ýetdirmek. Siziň habaryňyz ýok, men ömürlik arkaýyn ýaşamagymyz üçin mergenlerden hat aldym, indi siz arkaýyn geziberiň — diýen («Turkmen halk ertekiler ýygyndysy»).


GEZILMEK, Gezelenç edilmek, aýlaň-çaýlaň edilmek. Gyşyna daşarda köp gezilmeýär.


GEZIM, I. Aýlan-çaýlaň, iki baka ýöräp edilýär hereket. Tyçenko koridorda gezime başlady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GEZIŞMEK, Köp bolup gezmek, bilelikde ýörmek, her ýerde aýlanyşyp ýörmek. Şäherde tomus aýlarynda gijäniň bir wagtlary hem iki-ýeke gezişip ýören adamlary görmek bolýar.


GEZLIK, ser. P y ç a k. Ýiti gezlik. Polat gezlik.


GEZMEK, 1. Keýpine gezmelemek, aýlaň-çaýlaň etmek. Men hem obamyza gezmäge bardym  (N. Pomma, Goşgular).Gezen derýa, oturan gümra (nakyl).

2. Durmuş geçirmek, ýaşamak. Kemine Äraly işanyň sopusy bolup, bir näçe ýyl gezdi.(«Edebiýat»).   Adam  nazary düşş ýerde gezsin («Görogly» eposy).

3. Biri bilen tirkeşmek, wagt geçirmek. Ata , Myrat bilen bile gezýär.


GEZMELEMEK, 1. Aýlaň-çaýlaň etmek, gezelenç edip aýlanmak. Bagda gezmelemek.

2. Eýläk-beýläk, ýana ýöremek, gezim   etmek.Ol  iki elini bykyny urup, yranyp, ulumsylyk bilen gezmeleýär.


GEZMELEŞMEK, 1. Köp bolup gezmelemek, gezişip ýörmek, aýlan-çaýlaň edişip ýörmek.

2. Eýläk-beýläk ýöreşmek, gezim edişip ýörmek.Köçelerde maşynlar gaýmalaşyp, adamlar gezmeleşip

ýörenoklar (X. Ysmaýylow, Powestler).


GEZMELÄBERMEK, Gezmelemegi dowam  etdirmek, gezmeläp başlamak.         


GEZÄBERMEK, Birine ýa-da bir tarapa çenäbermek, göneldibermek.  Kirşisiz ýaýyny gezäberdi.(Görogly eposy).