SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GEÝ

GEERLIK, Geýmek üçin gerekli bolan. Geýerlik geýim edinmek. Geýerlik egin-eşik almak.


GEÝDIRILIŞMEK, 1. Biri bilen uruşmak, biri-birniň üstüne okdurylyp basalaşmak. Horaz ýaly, biri-biriňiz bilen geýdirilişmäge-de utanjak däl-ow siz! (B. Purliew, Ilknji gun).

2. göç. m. Biri-biriňe jogap gaýtaryp, dawalaşyp durmak, sögüşip durmak-; Nähak ýere geýdirilişip durmak.


GEÝDIRILMEK,  1. Geýdirip goýulmak, egin-başly edilmek, geýimini geýdirmek. Halnazara kepen geýdirilýän wagtynda, onuň ömür boýuna eden günäsini,roza-namazynyň kazasyny ýuwmaga tutundylar    (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 

2. göç  m   Biri bilen uruşmak, söguşmek. Biriniň üstüne ýerliksiz geýdirilmek.


GEÝDIRIŞMEK, Geýdirmäge kömekleşmek. Geýim geýdirşimek.


GEÝDIRMEK, Eşigini egnine sokmak, eşigini ýeňlendirmek, geýindirmek. Sadap, meniň Mawyma,  meniň edermen ogluma derrew bir laý täze geýim geýdir (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GEÝZER Fontan bolup zogdurylyp suw we bug çykýan gyzgyn çeşme. Kamçatkanyň daglarynyň hemme ýerleri gar bilen basyrylgy wagtynda geýzärler bugaryp durýanlar («Mydam taýýar» gazýeti).


GEÝILMEK, Geýip ulanylan bolmak. Bu ädik ozal ,bir az-owlak geýlipdir.


GEÝIM, Adamyň tenini, endamyny örtýän egin-baş.


GEÝIM-GEJIM, Geýimiň ähli görnüşi, egin-eşik. Owkat, geýim-gejim ýaman ýagdaýda (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ussa geýim-gejimini sykyşdyrdy («Görogly» eposy).


GEÝIMÇI, Egin-eşik, geýim tikýän ussa. Ana, geýimçi ussalar tiken geýimlerini süpürýärler (B. Kerbabaýew, Aýsoltan) .


GEÝINJEŇ, Gowy eşik geýmegi söýýän, geýnegeň. Ol adatdan daşary päkize, sypaýy geýinjeňdi (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GEÝINMEK, 1. Geýim-gejimiňi we ş. m. geýmek. Maýa owadan, tämiz geýnen bugdaýreňk bir gelindi («Sowst edebnýaty» žurnaly).


GEÝMEK, ser. Geýinmek . Ol her dürli eşikler geýmek, wagtyny dabaraly geçirmek bilen meşgul bolýardylar. («Edebiýat»). Olar gowy geýmek isleýärdiler, emma durmuş şerti agyrdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler) . Aýagy uly syganyn geýer, aýagy kiça — söýenin (nakyl) .


GEÝNEGEN, ser. Geýinjeň.


GEÝNÜW, Oňat esbap, geýim geýiş.


GEÝNÜWLI , Gowy  geýnen, gymmat  baha eşikler geýinen.Esbaby düz.


GEÝREK , med. Kebzäň aşagy, pilçäň ujunyň kekirdewük süňki.

Biý, Soltan eje: ogluň geýregi inipdir.(A.Durdiýew, Saýlanan eserler).