SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GEŇ

GEŇ, Haýran ediji, täsin galdyryjy, täsin geňirgendiriji, taň.

Onuň heniz görmedik jaýlary oňa ören geň bolup görünýärdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Jan agalar, sizler meni geň görmäň, Gerdenime pelek urdi neşäni (Mollamurt, Saýlanan eserler).


GEŇEŞ, Bir mesele barada edilýän maslahat. Seniň bu geňeşleriňe şondan artyk maslahat bermäge meniň hetdim ýok (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GEŇEŞDAR [geňeşda:r], Öwüt-nesihat berýän, maslahat salynýan adam, geňeşçi. Ozaly atamyň-babamyň geňeşdary Kösedir. Ok degende munça akmandy ýaşyň, Aga begim, geňeşdarym, näm boldy? («Görogly» eposy).


GEŇEŞLI, Öňünden gürleşilen, maslahatly, gepleşikli. Geňeşli biçilen don gysga bolmaz (nakyl).


GEŇEŞLILIK, Özara maslahatlylyk, geňeşli razyçylyk. Geňeşlilik gowy zat.


GEŇEŞMEK, Birinden maslahat soramak, öwüt almak, maslahatlaşmak. Geňeşeýin diýip, siziň ýanyňyza geldim (Ata Salyh, Saýlanan eserler).Şu ýerde garry atam bar, şoňa geňeşeýin («Görogly» eposy).


GEŇEŞSIZ, Öňünden razyçylyk soraman, geňeş etmän, maslahatsyz. Geňeşsiz edilen iş.


GEŇEŞÇI, ser. Geňeşdar. Korolyň geňeşçileri olaryň hemme talaplaryny kabul etmegi wada beripdirler (Orta asyrlar taryhy).


GEŇZEW, Burnuna salyp gepleýän. Geňzew adam.


GEŇZEWI, Dutaryň 4-nji perdesi we şol perdeden başlanýan heňler.


GEŇIRGEMEK, ser. Geňirgenmek. Aýna ony geňirgedi. Artyk Eziziň sowalyna geňirgedi, ýüzüne seretdi. Sadap Halnazaryň sowalyny geňirgedi. Mamany tanamaýan adamlar-da geňirgerdi. Aşyr onuň bolşuny geňirgäp, ondaky ýagdaýy kemsiz aňlasa-da bilmezlige saldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GEŇIRGENDIRMEK, Geň galdyrmak, haýran galdyrmak. Aşyryň sowaly Artygy biraz geňirgendirdi.Oslagsyz söz ony geňirgendirdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GEŇIRGENIŞMEK, Bilelikde geňirgenmek, köp bolup geňirgenmek. Oglanlar geňirgenişip, öňe ýörediler (N. Jumaew, Syrly gala).


GEŇIRGENMEK, Geň görmek, geň galmak, haýran bolmak, täsin galmak. Biz muňa gaty geňirgendik (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Öz bolşuňa geňirgenmek.


GEŇLEMEK, Geň-taň görmek, aýyp görmek. Köçede öz  peýwagtyna hiňlenip barýan  geýnüwli  adama gabat gelen ýolagçylar ony geňleýärdiler (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


GEŇLENMEK, Geň görülmek, aýyp görülmek. Museý sypaýyçylyk bilen öz ýüzünde geňlenmek duýgusyny döretdi (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).


GEŇLIK, Geň-taňlyk, haýran galyjylyk, täsin.


GEŇSI, 1. Oňat, gowy, ajaýyp. Sowgat üçin geňsi kollektsiýalar düzüpdirler («Mydam taýýar» gazeti). Onda durmuş üýtgeşigräk, bir geňsi (B. Ke baew, Aýlar).

2. Bir hili, geň-taň.


GEŇSILIK, Oňatlyk, gowulyk. Indi obamyzda maşynmydyr, elektrikmidir, radiomydyr, harazmydyr,

bir geňsi bolaýdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GEŇ-TAŇ [geň-ta:ň]: g e ň-t aň görmek — haýran galmak, geň görmek. Hoşgeldi, bu ýerde hiç bir geň-görerlik zat ýok ahyryn (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GEŇ-ENAÝY [geň-ena:ýy], Geň we üýtgeşik, haýran galdyryjy. Uzyn kölegeler geň-enaýy nagyşlary emele getirýärdiler • («Mydam taýýar» gazeti).