SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IŇI

IŇIRDEMEK, Närazylyk bildirmek, igençli geplemek, teýene etmek. Halha, goňşyň gelni baldyzy bilen kino gidýär, hi gaýny gelnine, gyzyna iňirdeýärmi?! Bu sapar-da Merede bir iş üçin iňirdemäge başlady (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


IŇIRDI, Birine bşidirilýän ýürege düşgünç nägilelik, teýene, igenç. Aýnanyň Artyk ýadyna düşüp, ýüzüne ýagty şöhle çaýyljak ýaly etse-de, eneliginiň iňirdisini eşidende, näzik ýüzünde ynjy alamaty peýda boldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Men onuň aýdanlaryna ynandym. ýöne welin keýwanynyň iňirdisini eşidip oturmaga ýüregim takat bermedi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


IŇIRDILI, Teýeneli, igençli. Iňirdili gürrüň.


IŇIR-IŇIR: i ň i r i - i ň i r e t m e k — irginsiz iňirdemek, birsyhly igenmek, igenip oturmak.