SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IŇL

IŇLEMEK. Iinildilp ses çykarmak, iňňildili ses etmek, iňremek, iňrenmek. Artyk onuň ýanyna baryp görse, hälki şaýly gelin iňläp ýatyrdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Meniň aýdanlarym tä kyýamat bolýança, gulagyňda iňlesin-de dursun (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

* Iňlär siňek bolmazlyk — janly--jandar ýokluk. Häzir köçede iňlär siňek ýokdy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


IŇLETMEK, Iňňildili ses çykartmak, iňňildili seslendirmek. Aýagyndan düşen ýara ony bir näçe wagt iňletdi.


IŇLEŞMEK, Iňňildili seslenişmek. Ölüm getiriji oklaryň iki taýlaýyn iňleşýän sesleri garaňkylygy basdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Maşynlar iňleşip zordan hereket edýärler («Kolhoz günleri»).


IÑLISLER, Angliýanyň esasy ilatyny düzýän halk.


IŇŇE, 1. Tikin işi üçin ulanylýan ýiti uçly, sapak geçirilýän gözli metal esbap. Soldat bolan adamyň ýanynda iňňe bilen sapagy hemişe bolar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Gyzym, bar, maňa bir iňňe bilen sapak getirip ber (G. Gurbansähedow, Enesiniň ýumuşlary). 2. Ary, içýan we ş. m. mör-möjekleriň çakýaň awy göýberýän organy, neşderi.

¨      I ň ň e bilen guýy gazmak — ser. G u ý y.

Ony gazanmak iňňe bilen guýy gazandan, ýangyny bir çemçe suw bilen söndürjek bolmakdan enaýy däl ekeni (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Iňňeden çykma — täzeje, ýap--ýaňy tikilen, ýasalan geýilmedik, el degmedik. Mama iňňeden çykma ýüpek sowsanyň üstünden maldaýy çabyt geýip, garagülli gutagy biline orandy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Iňňä sapaýmaly bolm a k — örän arryklamak, bijaý horlanmak.