SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IŇK

IŇKIS [iňki:s], Bir zat barada edilýän ünji, ynjalyksyzlyk, göwünde galýan güman. Aýna onuň kesbi-kärine belet bolandygy üçiň oňa bir hili şübhe bilen garady, göwnüne bir hili iňkis gitdi. Artyk ejesiniň bolup oturyşyndan onuň bir iňkisiniň baryny syzdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

* Iňkise batmak — gaty ynjalyksyzlanmak, uly alada etmek, ýürekden heser çekmek. Birdenkä-de agyr iňkise batdym («Tokmak» žurnaly).