SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IŇŇ

IŇŇEBAGJYK [iňňeba:gjyk], Geýimiň ýakasyna ýa-da başga ş. m. zada ildirilýän metal esbap, temençe. Kellesi kiçelip, iňňebagjygň tommuja ujy ýaly bolar («Sowet Türkmenistanynyň aýallary » žurnaly).


IŇŇELIK I, zool. ser. Teneçir   I.


IŇŇELIK II, 1. ser. 1. I ň ň e b a g j y k.

2. iňňe dürtüp goýmak üçin ýörite ýassykjagaz.


IŇŇILDEMEK, ser.  Iňlemek. Zalda zaryn heňi iňňildeýär. Ýatymdan biriniň uky arasynda samraýanlygy, içi-içine sygman hamsygyp   aglaýanlygy, iňňildeýänligi eşidildi («Sowet   edebiýaty» žurnaly).


IŇŇILDI, Kesel ýa-da agyry zerarly çala çykýan naýynjar  ses. Ýaralananlaryň iňňildisi, adamlaryň gykylygy  howada ýaňlanýardy  («Sowet Türkmenistany» gazeti). Aradan az salym  geçende,  Myradyň ýuwaja iňňildisi eşidildi  (B.  Pürliew, Ilkinji gün). onýança-da öň ýanyndaky suw geçýän kiçijik ötukden iňildi sesi Merediň gulagyna geldi (A. Durdyew, saylanan eserler).


IŇŇÄ-IŇŇÄ,  Ýaşajyk bäbek aglanda çykýan ses. Nurjahanyň öýünde iňňe-iňňe diýen ses   çykaýardy. (B.   Kerbabaew, Aýgytly  ädim).  Ikinji otagda Iňňä-iňňä — diýýän bäbek sesi eşidildi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


IŇŇÄN, Örän juda, beter, gaty, has, heýwere.Ýaňy -ýakynda kapitan Wepa Amanyň batareýasy nemets faşistleriniň iňňän berkiden berkitme  galasyny ýumurmak işine gatnaşdy (A. Gowşudow, Saýlanan eserle). Önümçilikde işlemek iňňän gyzyklydy («Kolhoz günleri»).