SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KRA

KRE

KRI

KRO

KRU


KRAN I, Truboprowoddan suwuklyk ýa da gaz goýbermek üçin turba görnüşindäki gurluş. Krandan däl-de, agzy örtüli bedreden doldurylan nikelь çäýnek eýýäm onuň üstüne baryp gonupdy («Sowet edebiýaty» žurnaly) Suw akýan kran.


KRAN II, Gurluşykda agyr zatlary ýokary göterýän mehanizm.Ýaňy-ýakynda bu ýerde kompressor ustanowkasy, ýonujy stanoklaryň ençemesi, kuwwatly göteriji kran işe girizildi («Sowet Türkmenistany» gazeti).


KRAHMA'L, Ösümliklerden alynýan külke uglewod. Mekgejöweniň dänesinden krahmal almak bolýar («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Suw bilen kömürturşy gazyndan gant, krakmal we beleka birentek çylşyrymly maddalar emele gelýär.