LAB |
|||
LABIAL, lingw. Dodaklaryň gatnaşmagy bilen aýdylýan, dodak... (ses hakda). Labial çekimsiz sesler. LABIALIZA’TSIÝA, lingw. Käbir sesleri dodaklaryň öňe tarap tegelenip hereket etmegi bilen aýtmaklyk, dodaklaşma, dodaklandyryş.
LABORA’NT, 1. Ylmy edarada, laboratoriýada işleýän ylmy-tehniki işgär. Laborantlar arkaýyn işläp biler ýaly mümkinçilik döredildi. Ol fizika kabinetinde laborant bolup işleýär. 2. Studentler, okuwçylar bilen geçiriljek laboratoriýa işleri üçin gerekli bolan abzallary, esbaplary, preparatlary we w m. taýýarlaýan adam.
LABORA’NTKA, Laborant bolup işeýän aýal. Irki smena gelen laborantkalar, Zawodyň ýanynda bolupdyrlap jem («Sowet edebiýaty» žurnaly).
LABORANTLYK, Laboratoriýada ylmy-tehniki işgär bolup işlemeklik, laborantyň ýagdaýy. Işini laborantlykdan başlamak bilen, nebit senagatynda işleýär. («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).
LABORATORIÝA, Eksperimental ylmy-derňew işlerini geçirýän edara ýa-da onuň bir bölümi, şonuň ýaly-da ylmy-tehniki we başga synaglary, tejribeleri geçirmek üçin ýörite abzallaşdyrylan jaý. Ylmy laboratoriýada gös-göni görüp bolmaýan bölejekleriň hereketi hem öwrenilýär. («Fizika kursy»). Ýazly ylmy işini dowam etdirmek üçin gowy laboratoriýanyň bolmagyny arzuw edýärdi (B- Pürliew, Ilkinji gün). Ylymlar akademiýasy ylmy-barlag inbtitutlaryň we laboratoriýalaryň ençemesini özünde birleşdirýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).
LABYZ Ýakymly äheň bilen çykýan ses ýa-da owaz , ( aýdym, goşgy we ş. m. aýdylanda). Sesi güýçli, doň yüregi eretdi, Süýji labzy beýnimizde ýer etdi (N. a. Saýlanan eserler). Emma, islege garşy, onuň labzy şirin bolman, turbadan çykýan ýaly ýogyn, tagaşyksyz bolany üçin, ol köp aýdym aytmazdy (A. Gowşudow. Köpetdagyň eteginde).
LABZDAŞ, Bir labyzly, meňzeş labyzly, meňzeş äheňli. Nikolaý ýüzüni çytyp, özüniňkä labyzdaş aýtdy (M. Gorьkiý, Ene).
LABYZLY, 1. Ýakymly äheň, ýakymly owaz bilen, labyz bilen, mylakatly. Olar Moskwa diktorynyň labyzly seslerini diňleýärdiler («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Açyk, düşnükli, süýji, çeper. Labyzly sözler gerek («Türkmenistan kommunistik» žurnaly). Batyr «Ýolbars we tilki» diýen basnýany labyzly okady, («Pioner» žurnaly).
LABYZLYLYK, Labzy barlyk, ýakymly äheňlilik, hoş owazlylyk, labzy süýjülik, mylakatlylyk.
LABYZSYZ, 1. Labzy bolmadyk, ýakymly äheň bilen çykmaýan, owazy ýakymly bolmadyk, mylakatsyz. Labyzsyz aýdym aýtmak. 2. Düşnüksiz, çeper däl. Ol kitap okanda, labyzsyz okaýar. Ol goşgyny labyzsyz okaýardy. 3. göç. m. Gaharjaň, hyrsyz, ýakymsyz. Ol bir hili labyzsyz adamdy.
LABYR [la:byr], 1. Deňizde ýa-da derýada gämini bir ýerde saklamak üçin suwa taşlanýan zynjyrly uly aran. Gämiler ýaýraşdy taşlap labyryn, Yşyk ýakmaklyga komanda boldy (Ş. Borjakow, Kaspiniň kenarynda). 2. Agram, agyrlyk. Çatma deýin süýşüp gelýen
tanklaryň ýumurýar bar zady agyr labyry (B. Kerbabaew, Aýlar). Barha öňe süýşer, alyp labyryň Depe-baýyrlaryň basardy baryn (A. Kekilow, Söýgi). Öýümiz Hangulyny gabyrtlap basdy we özüniň bar agyr labyryny onuň üstüne gahar bilen göýberdi (
3. göç. m. Zulum, sütem, jebir-jepa. Ýigitler! Biz bu gün patyşa labyryny üstümizden syrmak üçin atlandyk (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). <> Labyryňy atmak biriniň üstüne öz garamatyňy, agramyňy atmak. Taýlak hyzzyn şäherdäki. şaňlap duran myhmanhana barman, Myratlara labyryny atanyny gowy görüpdir (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).
LABYRDAMAK, Labyrdyly ýanmak, tutaşyp gowy ýanmak, seslenip ýalynly ýanmak. Ojar labyrdap ýanýar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ol labyrdap ýandy, töwerekdäki zatlaryň hemmesi tisginip, sandyrap başlady. (Maksym Gorьki, Ene). LABYRDATMAK, Labyrdyly ýakmak, tutaşdyryp gowy ýakmak, seslendirip ýakmak. Otly kesindini. labyrdadyp zyňdy. LABYRDAŞMAK, Gowy tutaşyp ýanmak, labyrbyr edip ýanmak. Guran agaçlar labyrdaşyp ýandy. LABYRDY, Güýçli ot ýananda çykýan ses, lowlap ýanýan otdan çykýan ses. Ýalaňy odunyň labyrdysy. Mazaly tutaşan oduň labyrdysy. LABYR-LABYR: l a b y r-l abyr etmek gowy tutaşyp, sesli ýalynlap ýanmak, labyrdap ýanmak. |