SÖZLÜG ,, L- HARPY;

LAB

LAW

LAG

LAZ

LAÝ

LAK

LAL

LAM

LAŇ

LAP

LAR

LAS

LAT

LAU

LAF

LAH


LAŇ, Laň bolmak — halys bolmak,lütüň çykmak, halys ýadamak. Ol ertirden bäri aýlanyp laň bolupdy.         


LAŇKYLDAMAK, Agramy ýok ýaly iki baka hereket etmek, yranmak, silterlenmek.


LAŇKYLDAŞMAK, Bilelikde laňkyldamak yzly -yzyna laňkyldamak, yranyşmak.


LAŇŇA, Birden, birden-de, duýdansyz, Çalasynlyk  bilen. Soltan eje içini çekdi-de, laňňa ýerinden galdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Aşakdan eşidilen badyna, goly sargyly nobatçy laňňsa turdy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


LAŇŇARA, Depiň bir görnüşi. Laňňara tar hem çalyndy. («Sowet edebiýaty»žurnaly). *Laňnara kakmak — el-aýagyňy hereketlendirip şatlanmak, begenmek.


LAŇŇYLDAMAK, Bolgusyz gürrüň etmek, ýaňramak, laňňyldamak.Laňňyldap oturma bar işiň bilen bol!


LAŇŇYLDAŞMAK, Köp bolup laňňyldamak,bilelikde laňňyldamak, biderek ýaňraşmak. Laňňyldaşyp oturmak.    


LAŇŇYLDY, Bolgusyz edilýän gürrüň, dereksiz gürrüň, lakgyldy. Laňňyldyňy  bes et-de işiňi başla!