SÖZLÜG ,, L- HARPY;

LAB

LAW

LAG

LAZ

LAÝ

LAK

LAL

LAM

LAŇ

LAP

LAR

LAS

LAT

LAU

LAF

LAH


LAK I, dial. Zaýalanan ýa-da jüýje çykman galan (ýmurtga), palak, boş. Lak ýumurtga.

Lak  bolmak—1)sem bolmak. Men-ä inim, Myrat, seniň bilen goda bolaly! — diýip geldim diýeninden, Myrat kel lak boldy. (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

2) boş bolmak,giň  bolmak, ullakan bolmak. Köwşüm aýagyma lak bolýar.


LAK II, Ýalpyldawuk etmek üçin bir zadyň ýüzüne çalynýan, spirtde, skipidarda ýa-da ýagda eredilen smola. Ugursyz päkize şinelini tenine şapladyp duran lak çalnan gaýşy bardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

LAK [la:k]: lak atmak — habar gadmak, gürrüň açmak, degmek. Kem görmedim Annalynyň gitmesin, Ýaman gördüm görene lak atmasyn (Çary Aşyr, Poemalar). Alioşa Artyga lak atdy. Aýna lak atmak üçin Artyga ýagdaý döredi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Lak atmasaň, jansyz ýatar («Pioner» žurnaly).


LAKAM, Ýazyjy-şahyrlaryň kabul eden toslama ady: adamyň häsiýetine, gylygyna, keşbine görä halk tarapyndan soňra dakylýan at. Şahyryň ady Seýitnazar bolup, Seýdi onuň edebi lakamydyr («Edebiýat»). Oňa Çary çaman diýip, halk lakam goýupdyr (N. Pomma, Taýlak hyzzyn), Sen oňly heleý bolsaň, lakamyň Göwüşgözel bolarmydy?! («Sowet edebiýaty» žurnaly).


LAKGA, zool. Süýji suwda ýaşaýan ýasy kelleli uly balyk. Onuň çöreginiň ownuklaryny bolsa hemişe bir lakga balyk iýer eken («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Gyraty lakga balyk ýaly semretdi («Görogly» eposy).


LAKGY, Bolgusyz gürläp ýören, sözüniň, gürrüňiniň ugry-utgasy ýok bolan, ýanra. Ol Baba lakgydan gorapdyr (A. Gowşudow, Eserler).


LAKGYLDAMAK, Biderek ýaňramak, bolgusyz gürlemek, lakgylyk etmek, ýaňramak. Pökgi. lakgyldamaga başlanda bolsa, Halnazar onuň sözüni agzyndan aldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýürege düşgünç lakgyldap, gulagymy gazap otursa, nädip semrejek?1 («Sowet edebiýaty» žurnaly). Her wagt söz oklap, lakgyldap gülüp, Merediň goltugna kädi berýärdi (B. Seýtäkow, Senemiň söýgüsi).


LAKGYLDATMAK, Birini ýaňratmak, bolgusyz gürrüň etdirmek, gürletmek, ýaňratmak. Ýeri, ony biderek lakgyldadyp oturmaň-da, gidiň şu ýerden!


LAKGYLDAŞMAK, Bilelikde lakgyldamak, köp bolup ýaňraşmak, bolgusyz gürleşmek, ýaňraşmak. Lakgyldaşyp oturmak. Lakgyldaşyp gürrüň etmek.


LAKGYLDY, Boş ýaňramaklyk, bolgusyz gürrüň. Onuň manysyz lakgyldysyndan bizar bolan Huseýn gürrüňi üýtgetdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


LAKGYLYK, Ýaňralyk, bolgusyz gürrüň edijilik, lakgynyň gylyk-häsiýeti. Lakylygyň adama zyýandan başga peýdasy bolmaz.


LAKLAMAK, Lak çalmak, ýüzüni lak bilen örtmek. Tuflini laklamak.


LAKLANMAK, Lak çalynmak, ýüzi lak bilen örtülmek. Aýaklary laklanan tuflili, sakgaly, murty syrylan, özüne göwni ýetýän adam äwmezlik bilen gyzgylt saçlaryny daramaga durdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


LAKLATMAK, Birine lak çaldyrmak, ýüzüni lak bilen örtdürmek. Men ussa tuflimi laklatdym. Ol ädigini lakladypdyr.


LAKLAŞMAK, Lak çalyşmak, ýüzüni lak bilen örtmäge kömekleşmek. Şkaf laklaşmak.


LAK-LUK: lak-luk atmak (e t m e k) — nebsewürlik bilen iýmek, hapyr-hupur edip iýmek, birden iýmek. Halnazar bölek-büçek bagröýkenleri lak-luk atdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ol bazara baryp, biriniň zadyny satyşyp, ýene biriniň zadyny göterişip, ondan düşen pula-da çörek alyp. lak-luk atardy (A. Durdyew, Saýlanan eserler»


LAKLY, Lak çalnan,  lak bilen örtülen.  Kiçižik gara lakly köwüşleri ýaňy geýlen ýaly ýaldyraýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


LA’KMUS, him. Ösümliklerden alynýan gök reňk.

<> Lakmus kagyzy — ser. K a g y z. Kislota lakmus kagyzyna täsir edip, onuň reňkini gyzyl edýär (S. N. Winogradow, A. F. Kuzьmin, Logika).


LAKONI’ZM, Pikiri gysga suratda beýan edijilik, gysga sözlülik.


LAKTSUMETR, Süýdüň  udel agramyny kesgitleýän  abzal, gural.


LAKYRDAMAK, 1. Gaýnap lakyrdyly ses etmek, gaýnamak. Oduň başynda oturdylan gara kündük lakyrdap gaýnady (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Gapdallarynda hem sary semawar lakyrdap gaýnaýardy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

2. Köp ulanylmak zerarly gowşamak, çagşamak, gowşap ses etmek. Arabanyň tigri lakyrdap başlapdyr.


LAKYRDATMAK, 1. Gaýnadyp lakyrdyly seslendirmek, gaýnatmak. Näme, semewary lakyrdadyp goýaýypsyňyz?! 2. Köp ulanyp gowşatmak, çagşatmak, gowşadyp ses çykartmak. Arabanň tigrini lakyrdadyp taşlapdyrlar.


LAKYRDAŞMAK, 1. Yzly-yzyna lakyrdap durmak, gaýnap ses edişmek, gaýnaşyp durmak. Toý edilýen öýüň işiginde semawarlar lakyrdaşyp otyrdylar.

2. Könelip gowşaşmak, çagşaşmak, çagşaşyp seslenmek. Maşynyň tigirleri gowşap, lakyrdaşyp ýatyr.


LAKYRDY, 1. Gaýnaýan suwuklykdan çykýan ses. Tüňçäniň lakyrdysy galdy.

2. Gowşan, çagşan zat hereket edende peýda bolýan, çykýan ses. Gitdigiçe tigriň lakyrdysy artýar.


LAKYR-LAKYR: lakyr-lakyr etmek — lakyrdap gaty gaýnamak, lakyrdyly seslenmek. Semawar lakyr-lakyr edip gaýnaýar. Arabanyň tigirleri lakyr—lakyr edýärdi.


LAKYTAK [la:kyta:k], Halys bolan, halys ýadan. Butlary, dyzlary gyzyl sypjyryk bolan we lakytak lüti çykan Garly: — Serpigiň-de gura, üzügiň-de! — diýip, ýene käýindi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Galandaryň alaşasy Gyratyň aýagyna eýermän, lakytak duruberdi («Görogly» eposy).