SÖZLÜG ,, L- HARPY;

LAB

LAW

LAG

LAZ

LAÝ

LAK

LAL

LAM

LAŇ

LAP

LAR

LAS

LAT

LAU

LAF

LAH


LAÝ [la:ý], 1. Kerpiç guýmak, haýat salmak ýa-da suwag üçin ýörite taýýarlanylan palçyk. Olar kerpiç guýardylar, laý ederdiler (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Ussa onuň her ganatyny bir ýylda kem-kemden laýdan galdyrýardy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Çykarylýan laý kem-kemden ýokary galýardy (Sowet edebiýaty žurnaly).

2. Palçyk, batga. Taýlak ýamaly -jorabyndaky we köwşüniň petegindäki laýlary kakyşdyrdy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

3.  Dury däl, çägeli, bulançak, bulanyk. Suw laý, içer ýaly däl.


LAÝ ([la:ý] :1) bir laý (g e ý i m) — balak-köýnek, geýim kompleksi. Çaşçy çaman bir laý içki daşky köýnek-balak alypdyr. Wepanyň özüne laýyk tikilen bir laý araçäkçi esgerleriň egin-başyny papagyny, ädigini Wepa sylag berdi (A Gowşudow Saýlanan eserler)

; 2) b i r laý — boýdan-başa, başdan-aýak, bir ýola. Uçastok naçalьnigi otagyň içine, nebit ussalarynyň keşbine bir laý göz gezdirdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Kolhozyň   brigadalarynyň ýerlerine bir laý aýlanyp çykdym.


LAÝLY [la:ýly], Laý ýokuşan, laý degen, laýa bulanşan, laýy bar bolan. Botinkasynyň içine çenli laý-suw dolupdyr (A. Gowşudow,   Eserler


LAÝÇY [la:ýçy], Laý işi bilen meşgul bolýan işleýän.


LAÝYK [la:ýyk], 1. Biçüwi dogry gelýän. Özüne laýyk edilip tikilen keteni köýnegi çyra ýyldyraýardy, («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Jüpleşip duran, biri-birine barabar bolan, gabat gelýän. Bu açarlaryň hiç biri-de bu gulpa laýyk gelmedi (A. Gowşudow, Mäh—Wepa).

3.  Gelşip duran, ýaraşykly bolan, mynasyp. Näme, men size laýyk delmi?! (G. Muhtarow,  Bagbanyň gyzy). Soltanlara laýyk hezzet-hormat ederlik gurbumyz ýokdur (Myraly). Döwrümize laýyk uly dabara, Görülmedik toý ederis biz onda (|B. Kerbabaew, Aýlar). Ady tutulan adamlaryň için-de laýyklary hem kän (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim


LAÝYKAT [la:ýykat], Abraý, ähmiýet. Belinskiý bu alymsumaga garşy çykyp, onuň pikiriniň hiç bir tapyhy faktlara esaslanyp aýdylmandygyny we rus halkynyň mlli laýykatyny peseldýändigini subtst edýär. Asylly we seresap Keýmiriň laýykatyny peseldýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).


LAÝ1YKATLY [la:ýykatly], Abraýly, ähmiýetli. Kimsi bokurdagyna sygdygyndan gygyryp, olary «laýykatly» sözler bilen hezzetleýärdi (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


LAÝYKATLYK [la:ýykatlyk], Abraýlylyk, ähmiýetlilik Redaktsiýa kitabyň laýykatlyklaryna bir taraplaýyn çemeleşýär («Türkmenistan kommunistik» žurnaly).


LAÝYKLAMAK [la:ýyklamak], 1. Deň getirmek, laýyk etmek, barabar etmek.

2. Dogry getirmek, dogrulamak, gönülemek. Dürbüni öz gözüne laýyklap, eýläk—beýläk gezdiren Annak seslenenini duýman galdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


LAR1YKLY [la-.ýykly], ser. Laýyk 3. Gyzyl Goşuna iň laýykly ýigitleriň çagyrylýandygyny-da özüň ýagşy bilýärsiň (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ol, hakykatdan-da Aýnady, özüne laýykly belent dereje bilen galkyjaklap gelýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


LAÝYKLYK [la:ýyklyk], 1. Biri-birine deňlik, Dogry gelijilik, barabarlyk, bap gelmeklik.

2, Gelşip duranlyk, mynasyplyk, ýaraşyklylyk. Olaryň durmuş şertlerine laýyklykda mekirlik bilen hereket edenlikleri görkezilýär (A. Gowşudow, Eserler). Işler galoba laýyklykda geçirildi («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Plenumyň kararyna laýyklykda guramaly («Türkmenistan kommunistik» žurnaly).