SÖZLÜG ,, L- HARPY;

LIB

LIG

LID

LIK

LIM

LIN

LIŇ

LIP

LIR

LIS

LIT

LIF


LIMO’N, Hemişe gök tsitrus agajy we şonuň galyň gabykly, turşumtyk tagamly miwesi. Ter  ýaprakly limon agaçlary günüň nury astynda öwşün atyp görünýärdi (R. Alyew, Sülgüniň hatlary). Biz iki gektar ýerde limon hem ösdürip ýetişdirdik (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


LIMONA’D, Içmek üçin miwe şiresi goşulyp taýýarlanylýan suw. Iýseňiz bar bizde bagyr hem böwrek, Ýanynda limonad hem sowuk narzan («Sowet edebiýaty» žurnaly). Limonad zawody.


LIMONLY, Limony bar bolan, düzüminde limon garyndysy bolan, limon atylan. Limonly çaý. Limonly içgi.


LIMUZI’N, Ýapyk kuzowaly ýeňil awtomobil.


LIMFA, fiziol. Oňurgaly haýwanlaryň we adamyň bedeniniň ähli dokumalaryny we öýjüklerini ýuwýan hem-de dokumalaryň arasyndaky boşluklary doldurýan reňksiz suwuklyk. Bedeniň agramynyň 50 protsent çemeleri öýjikleriň  arasyndaky aralyklary doldurýan dokuma limfasynyň paýyna düşýär (A. N. Kabanow, Adamyn anatomiýasy we fiziologiýasy).


LIMFATIK, fiziol. Limfasy bar bolan, limfa Degişli bolan, limfaly. Limfatik mäzler. Limfatik sestema.