SÖZLÜG ,, L- HARPY;

LIB

LIG

LID

LIK

LIM

LIN

LIŇ

LIP

LIR

LIS

LIT

LIF


LIST, Çap edilýän tekstiň ölçeg birligi. Kitap on bäş çap list möçberinde neşir edilipdir.


LISTAŽ, Eseriň list sany. Kitabyň listažy az däl.


LISTOWKA, Syýasy mazmunly çap edilen listok. Kitap bilen bile ol täze listowka hem taýýarlaýardy (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Sen şondan soň ne-hä geldiň, ne-de öwüt-üňdew üçin listowkalar, görkezmeler aldyň (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Geýne araçäkden geçip gelýärke, onuň çemedanlaryny döküşdirip, ondan rewolýutsiýany propagandirleýän listowkalar agtarýarlar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


LISTO’K, 1. Hat ýazmak üçin taýýarlanylan ýörite blanka.

2. ser. Listowka. Biz sizi listoklar bilen üpjünläris: şonda hemme zat ýazylýar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). * Söweşjeň listok — gyssagly çykarylýan kiçijik diwar gazeti. «Söwejeň  listoklar» yzda galaklar berk tankyt edilýär («Sowet Türkmenistany» gazeti). Diwarda asylan suratlar, bezelip çykarylan. diwar gazeti, «Söweşjeň listoklar» ünsüňi özüne çekýär (B. Pürliew, Ilkinji gün).