SÖZLÜG ,, L- HARPY;

LIB

LIG

LID

LIK

LIM

LIN

LIŇ

LIP

LIR

LIS

LIT

LIF


LINGWI’ST, Lingwistikadan spetsialist, dilçi.


LINGWISTIK, Dil hakyndaky ylma degişli bolan, lingwistika has bolan. Ol kitap SSSR Ylymlar akademiýasynyň Mary oblastynyň territoriýasynda işlän, lingwistik folklor otrýadynyň ekspediýasyna gatnaşan N. f. Lebedew tarapyndan ýazyldy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Lingwistik konferentsiýa. Lingwistik gurultaý.


LINGWI’STIKA, Dil hakyndaky ylym, dil bilimi.


LINE’ÝKA, 1. Dogry, göni çyzyk çekmek üçin gural. Ol wagt Gözel gyz eli galamly we lineýkaly aýak üstünde durup, nämedir bir zadyň çertiožyny çekýärdi we gulaga ýakymly hiňlenýärdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

2. Bir uzyn hatar, setir. Družina lineýka durdy. («Mydam taýýar» gazeti).


LI’NZA, Tegelek görnüşli optiki çüýşe. Mikroskopiň linzasy.


LINKOR, harby, deňizç. Liniýa korably, gowy ýaraglandyrylan liniýa gämisi.


LINOLEUM, Tsement bilen olif garyndys goşulyp sindirilen galyň mata, tamyň aşagyna we ýüzüne örtülýän material.


LINOTI’P, Harplary setirleýin ýygnap guýýan tipografiýa maşyny.


LINOTIPÇI, Linotipde harp ýygnaýjy işgär.