SÖZLÜG ,, L- HARPY;

LIB

LIG

LID

LIK

LIM

LIN

LIŇ

LIP

LIR

LIS

LIT

LIF


LIRA I, 1. El bilen taryna kakylyp çalynýan, gadymy grek saz guraly. Gel, şöhrat tenimi aýyr başymdan, Syndyr näzik heňler çalýan lirany (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler}.

2. Ukraina we belorus bagşylarynyň kemençe bilen çalýan saz guraly.

3.  göç. m Şahyryň döredijilik ukyby, zehini, ylhamy hökmün-de ulanylýan simwol. Seniň liraň bize, eý beýik Puşkin, Täze ylham, teze lira getirdi ( N. Pomma , Saýlanan eserler).


LIRA  II, Türkiýede we Italiýada pul birliginiň ady. Her birine 5 lira tölärsiňiz. («Sowet edebiýaty» žurnaly).


LIRI’ZM, Liriki häsiýetlilik, mazmunlylyk, liriki tolgundyryjylyk. Zeliliniň çuň lirizm bilen ýazylan eserlerinde dostluk, wepalylyk, ynsansöýüjilik pikirler-de öňe sürülýär («Edebiýat»). Aktiorlar onuň lirizmini we emotsionallygyny aňlatmaklyga gönükdirilipdir («Sowet Türkmenistany» gazeti).


LIRIK, Liriki şahyr. Liriki şahyrlar okyjylaryň öňünde bergidar bolup durýardylar («Türkmenistan kommunistik» žurnaly). Bu ýygyndy Geýnäniň bir näçe ýyllyk döredijilik zähmetiniň netijesi bolup, onuň beýik lirikdigini subut etdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


LIRIKA, Şahyryň içki duýgusyny we başdan geçirenlerini beýan edýän poeziýanyň bir gärnüşi. Bu goşguda näçe göwni giňlik, mertlik we lirika bar («Sowgt Turkmenistany» gazeti). Ata Salyhyň esasy žanry lirikadyr (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


LIRIKI, Lirika degişli bolan, lirika has bolan. Bu temadan liriki şygyrlardan başlap, powestь, roman, drama ýaly ençeme eserler döredildi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Olaryň arasynda ýaňsylaýjy liriki goşgular bardy. (M. Gorьkiý, Eserler).