MUB | |||
MUBAPYK [muwa:pyk], Ýaraşyp duran, laýyk, mynasyp, degişli. Balyklaryň gurluşy suwda ýaşamak şertlerine muwapykdyr (W. F. Şalaew, N. A. Rykow, Zoologiýa). Ol bu protseslere sahna sungaty üçin muwapyk we tomaşaçy üçin düşnükli bolan özboluşly çeperçilik forma berdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Has bolan, degişli bolan. Gylyk-häsiýeti muwapyk bolan hereket. |