SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MUB

MUG

MUZ

MUK

MUM

MUN

MUR

MUS

MUT

MUF

MUH

MUŞ


MUKADDES, 1. Ähmiýeti boýunça örän uly we hormatly, iň gymmatly. Mukaddes borjuňy, beren sözüňi, Ynam bilen doly ýerne ýetirdiň (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Sowet halky mukaddes Watanyny goramakda özüniň bütin güýçlerini mobilizledi («Edebiýat»).

2. dini. («Keramatly».


MUKAM [muka:m], sazç. Saz eseri, saz, heň, owaz.

Halk sazlarynyň jana ýaramly we belent mukamlary ýaňlanýar («Sowet Türkmenistany» gazeti). Ýas mukamlarynyň owazlary ýaňlanýar. Çopan tüýdüginiň şadyýan mukamy, priýomnigiň batly sesi, ozal haňlap ýatan boş meýdany ýaňlandyrýar («Pioner» žurnaly).

Ýüz mukam-da aýdym-sazlar seslenýär (R. Seýidow, Bagtlylar).


MUKDAR [mukda: r], 1. San, möçber, göwrüm. Derýalaryň getiren köp mukdardaky gyrmançalary Garagum-daky çägeleriň emele gelmegine sebäp bolupdyr («Pioner» žurnaly). 2. filos. Predmetleri, hadysalary göwrüm, möçber, ululyk we san taýdan häsiýetlendirýän kategoriýa. Mukdaryň hile geçmegi.


MUKYM [muky: m], Işine berk, işine jür, işine pugta, sak, mäkäm, mukyt. Pugta mukym bolup sereden adam, onuň beýle ýanynda, çöp-çalamyň içinde oda köselen ýaly bolup ýatan iki sany «demir haç» nyşanynyň hem şol maslyga degişlidigine düşünýärdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


MUKB1T [muky:t], ser. Mukym.

<> Mukyt bolmak — belet bolmak, ozaldan tanyşlyk, belet. Ozal ýazanyň goluna mukyt bolmadyk Bahar, oçerkiň aşagyna seretdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).