MUŞ |
MUŞAKGAT, Kynçylyk, azap, görgi, azar. Tebigatň muşakgatlaryna garşy alnyp barylýan. gyzgalaňly göreş barha güýçlenýär («Sowet edebiýaty» žurnaly). <>Muşakgat çekmek horluk görmek, azap, kynçylyk görmek. Ýedi gün Garagumda ýol ýöräp, sansyz muşakgatlar çekdik (A. Gowşudow, MähriWepa). <> Muşakgat ýagdyrmak kynçylykly ýagdaý, gaýgy döretmek, gaty kyn edip görkezmek. Pökgen ýüz muşakgat ýagdyryp, öz ýüregindäki howsalasyny beýan etdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ýeri, heleý, muşakgat ýagdyrmasana! (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).
MUŞAKGATLY, Kynçylykly, görgüsi köp, azaply. Diňe şeýle agyr muşakgatly peýdasyz zähmetden soň Garly ussa arkaýynlandy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).
MUŞAKGATLYK, Muşakgatly ýagdaý.
MUŞAKGATÇY, Sähelçe kynçylyk öňünde dyza çökýän, muşakgat baryny ýagdyrýan, nalajedeýin adam. Muşakgatçy bolmaly däl!
MUŞDAK, kön. s. Güýçli söýýän, intizar, aşyk. muşdak biz, ol bize dilber, Haçan geler, dostum, bize habar ber! («Sowet edebiýaty» žurnaly). Artyk Aýnanyň didaryna muşdak bolup otyrdy (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim). |