MUH |
MUHABBET, Birine ýa-da bir zada bolan söýgi, yşk. Bir ideýa hem bir muhabbet bilen ýaşady, döretdi million merdem gol («Sowet edebiýaty» žurnaly). «Ýalňyz muhabbetim sensiň» diýerdim (R. Seýidow, Bagtlylar).
MUHABBETLI, Söýgi bilen aragatnaşyk edýän, gowy görülýän, söýgüli, dostlukly. Şatlyk ýaşy düwmelendi gözlerde, Muhabbetli garaş bardy ýüzlerde (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Muhabbetli boluş.
MUHAMMES, edeb. Bäş setirli şygyr formasy, bäşleme. Seýdiniň şygyrlarynyň arasynda muhammes formasynda düzülenleri bar («Edebiýat»).
MUHANNES, kön. s. Namart, bigaýrat. Muhannes giň ýerde akyl saýynar («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»). Görogly melul bolmagyl, Melullyk muhannes işidir. Muhannes şer işden gaçmaz («Görogly» eposy). |