SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OGA

OGL

OGN

OGR

OGU

OGŞ


OGLAN, 1. Erkek jynsly çaga, ogul çaga. Oglanlary kemala gelenlerinden soň ikisi çopan-çoluk bolup gitdi, biri talabançylyk edip başlady (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

2. ser. Ç a g a.  Gyzyl aga, oglan ýaly bolmasana! («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Oglan howlugar, tut wagtynda bişer (nakyl).

Oglan ulumsyrar, nadan bilimsirer (nakyl).


3. Kämillik ýaşyna ýeten etginjk, ýaş ýigit. Gözenekden bakma, oglan, Göz-gaşyňy kakma, oglan (N. Pomma, Saýlanan eserler). Mýeret aga, sen özüň gidip bilmeseň baýtalçaňy oglanlara berseň näderkä? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Gully golça diýýenleri keltej ýognas oglan (Ata Köpek Mergen, Goşgular).

4. göç. m. Erkek adama ýüz tutulyp aýdylýan söz. Annaguly, Aýnaguly tursana oglan (A. Durdyew, Saýlanan eserler).Ýeri oglan, Begenç, näme birdenkä sesiňi tapba kesäýdiň? (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

<> Oglanlaryň ejesi — öz aýalynyň adynyň dýeregine erkek adam tarapyndan käwagtlar ulanylýan ewfemistik aňlatma. Geçen ýyl oglanlaryň ejesi çagalary bilen mellegimizi dyrmaşdyryp tohum atdy, ine ep-esli bugdaý çykdy duruberdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


OGLANLAMAK, gepl.d. Çaga dogurmak,  çagalamak.


OGLANLYK, Oglanyň ýetginjeklik ýaşyna çenli bolan çagy, çagalyk döwri. Bularyň üçüsi-de şu obada önüp-ösen, oglanlykdan bile gezen deň-duşlardy. (A Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Meniň, oglanlyk ýyllarym şu günki ýaly ýadymda («Mydam taýýar» gazeti). Ýaşym ep-esli bolup, Oglanlykdan saýlandym (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler). Artyk bilen oglanlykda-da mäşi bişişmeýän, aslynda Artygy äsgermeýän Balla beýle gaýtawul örän ýokuş degdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<> Oglanlyk etmek — ýaşlyk etmek, özüňi oglan ýaly alyp barmak. Oglanlyk edendirler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


OGLAN-UŞAK, Ýaş çagalar, çagajyklar. Daşarda oýnaşyp ýörep oglan-uşak görünýär («Sowet edebiýaty» žurnaly). Artyk, sen, hanym, oglan-uşak däl! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).