SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OGA

OGL

OGN

OGR

OGU

OGŞ


OGŞAMAK I, Dodaklary birine ýa-da bir zada  degirip öpmek,  posa almak. Artyk Babala nebsewürlik bilen garandan soň ony mekäm ogşady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ejesini ogşap, işe giderdi (R. Seýidow. Bagtlylar). Oglunyň ýüzünden, maňlaýyndan gaýta-gaýta ogşady (A Durdyew, Saýlanan eserler).


OGŞAMAK, II, ser. Meňzemek. Ala gaýyşly ýorgalary tasadyp gelýän çallar tire başlyklaryna ogşaýar (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).


OGŞATMAK I, Posa aldyrmak, öpdürmek. Al ýaňak-dan kä ogşadyp, kä ogşap, Ýüz-gözüňi synlarmykam Artyk jan. (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim).


OGŞATMAK II, ser. Meňzetmek. Asly ynsan, ogşatmyşam marala, Ýetişdi jilwesi — boldum eserli («Turkmen halk şahyrana döredijiligi»).


OGŞAŞMAK, Biri-birini ogşamak, posa berip, posa almak, öpüşmek. Olar gujaklaşyp ogşaşdylar-da, ýaňadandan görüşdiler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Az salym gujaklaşyp ogşaşanlaryndan soň Mähri öwrülip otaga girdi (A. Gowşudow, Eserler).


OGŞUK I, zool. Iki ýaşyn içindäki düýe. Baýyň günäsini ýuwany, malyny týerekeläni, arassalany üçin, oňa-da bir ogşuk ýetdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


OGŞUK II, Posa, öpuş. Daşdan ogşuk atýar, böwrün diňleýär (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).