SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OGA

OGL

OGN

OGR

OGU

OGŞ


OGRULYK, Keseki ýa-da jemgyýetçilik zadyny ogurlaýan ogrynyň ýagdaýy. Eziz atly iberip, ogrulyk ýöňkelýän ýigidi getirtdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Biziň arkamyzdakylar ogrulyk däl, öz zadymyz ahyryn (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

Ogrulyk eden uýalmaz, üstüne gelen uýalar (nakyl).


OGRY, Ogrulyk edýän, ogrulyk etmek bilen meşgul bolýan adam, žümri. Wah, şujagaz ellerim bilen birje ogry tutsamdym (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Pьesalar).

Ýalançy ýarymaz, ogry baýymaz (nakyl).

Ogry hem özüne osar, orramsy hem (nakyl).


OGRY-JÜMRI, ser O g r y. Harasatly howadan peýdalanyp, olja gözleýän ogry-jümrüler bolaýmasa, köçede başga adam ýokdy (G. Kulyew, Kepetdagyň aňyrsynda).


OGRYN [ogry:n], Hiç kime duýdurman, ýaşyryn, gizlin. Wepa bolsa ol ogryn çykalganyň tapylşyny gürrüň berdi (A. Gowşudow, Mährm—Wepa). Pökgen bilenÝolli öz aralarynda nämedir bir zat barasynda gaty assalyk bilen ogryn gürrüň edýärdiler (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). <> Ogryn garama—assyrynlyk bilen birine sýeretmek, göz astyndan äňetmek. Aşyr şolara syn edýän wagtynda, onuň gapdalyndan biri ogryn garap geçdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


OGRYNLYK [ogry:nlyk], Başgalardan gizlin, ýaşyrynlyk. Beýik galadan ogrynlyk bilen hiç kime duýdurman aşmalydy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Nätanyş ogrynlyk bilen töwýeregine garanjaklaýardy («Mydam taýýar» gazeti). Emma weli, ogrynlyk bilen Gözele sýeretmesini kesmeýärdi (A. D dyew, Saýlanan eserler).


OGRYN-OGRYN [ogry:n-ogry:n], ser. Ogrynça. Ogryn-ogryn oň ýuzüňe garady (A. Kekilow, Söýgi). Ogryn-ogryn bakma, oglan! (G. Muhtarow, G. Seýitliyew. Bagbanyn gyzy). Ogryn-ogryn garasa ol yzyna, wazyrdaşyp oň duşundan ötdüler (B. Kerbabaew, Aýlar).


OGRYNÇA  [ogry:nça], Assyrynlyk  bilen, ýuwaşlyk bilen, ýaşyrynlyk bilen, duýdurman, gizlinlikde. Biz ony  ogrynça  tankyt edenimizde,  başlyk  bilen ikiňiz onuň arkasyny tutduňyz   (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Gyzjagazlaryň yzyndan  ogrynça  ýaltaklap geýän tilkijik-de döşi alyp ökjäni göterýär. («Türkmen  halk ertekiler  ýygyndysy»). Birisi ogrynça gelip, çadyryň deşiginden    yşyklady. («Görogly» eposy).