OGUL, 1. Erkek çaga, oglan. Öz ogullaryny, atalaryny ugratmaga gelen hossarlary kändi. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ata kesbi ogla halal . (nakyl). 2. «ýigit, jigi» diýen ýaly ýüz tutulyp aýdylýan. Aý ogul, hany bir aýak çek. <>Ejem ogly özüni oňarmaýan, gowy terbiýelenmedik çaga, lellim.
OGUL-GYZ [ogul-gy:z], Çaga, zürýat, nesil. Hiç bir ogul-gyz uruş islänok. («Sowet edebiýaty» žurnaly). Atanyň-enänin, göwni ogul bilen gyzda, ogul bilen gyzyň göwni dag bilen düzde (nakyl).
OGULLYK, 1. Öweý ogul. 2. Ogul dýeregine kabul edilen çaga. Çopan olary ogullyga alypdyr (Gadymy dünýä taryhy). Gel, men muny ogullyga alaýyn1 («Sowet edebiýaty» žurnaly). <> Ogullyk etmek, ogul dýeregini tutmak, hakyky ogul ýaly hyzmat etmek. Öwez jan, eşitseň Göroglyň sözün, Bize bir ogullyk etmegiň gerek («Görogly» eposy).
OGULSYZLYK, Ogul çagasyzlyk, nesil galmazlyk.
OGULHAJAT [ogulha:jat], Külembibiniň ýanyndaky barmagyň ady, dördünji barmak. Onuň çep eliniň külembibisi bilen ogulhajady jontukdy (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ogulhajat ok atar (sanawaç).
OGURLAMAK, Ogurlyk etmek, iliň zadyny duýdurman, gizlinlik bilen almak. Süýthorlaryň gallalaryny ogurlasaň hem, çozup alsaň hem günä bolmaz (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Ol Hoşgeldiniň Bahara ýazan salam hatlaryny ogurlaýan eken (A. Gowşudow, Eserler).
OGURLANMAK, Ogurlyk edilmek, duýdurylman alynmak, gizlinlik bilen alynmak. Jon, seniň bilen dokumentiňiň ogurlananyna Çarlьz ynynmaýar. (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).
OGURLATMAK, 1. Birine bir zadyňy aldyrmak.Ýitirdiňizmi ýa-da ogurlatdyňyzmy? (A. Durdyew, saýlanan eserler). 2. Ogurlyk etdirmek, biriniň zadyny gizlinlik bilen aldyrmak. Ondan soň ýer astyndan adam iberip, onuň goýnundan ogurlatmaga başlady.(«Görogly» eposy).
OGURLAŞMAK, Birine ogurlyk etmäge kömekleşmek, bilelikde ogurlamak.
OGUŞÝA, «Eken, be, şeýle eken» ýaly manylarda gelýän habarlyk kategoriýasy. Heý, beýle-de bir päliýamanlyk bor oguşýa! («Sowet edebiýaty» žurnaly). Elbetde, olar onuň dilini tapýar oguşýa! (A. Durdyew Saýlanan eserler). |