OŇ, Haýyrly, şowly, peýdaly, ugruna. Şu oň işi düzetmek hakynda maňa kömek ber! (A. Gowşudow, Kötpedagyň eteginde). Bu ýyl işler has hem oňuna boljak ýaly (G. Seýitliew, G. Muhtarow, Pьesalar). <> Oň bolsun şowly bolsun, haýyrly bolsun (bir iş girişilende aýdylýan alkyş).
OŇAÝ, 1. Bir işi amala aşyrmaklyk täri, ugry, ýoly, usuly. Ol öýlenmegiň oňaýyny tapman, bir näçe wagtlap gezdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Arkaýyn, jaýlaşykly, jaýly. Meniň oturyşym gaty oňaý.
OŇAÝLY, 1. Amatly, çemeli, gowy. Agalaňda oturyp, amatly pursat aramak, il üstüne höküm sürmek onuň üçin nähili oňaýlydy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 2. Ýerleşikli, jaýly, ornaşykly, ýerlikli. Oňaýly bir ýerde gury arça labyrdap ýanýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).
OŇAÝLYLYK. 1. Amatlylyk, çemelilik. 2. Ýerleşiklilik, jaýlylyk, ornaşyklylyk, ýerliklilik.
OŇAÝSYZ, 1. Amatsyz, çemesiz. Ol oňaýsyz ýagdaý-da top urmaly boldy. 2. Tagaşyksyz, gelşiksiz, gödek. Haly düşek üstüne adatlanmadyk oňaýsyz aýaklary sandyrady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 3. Jaýly däl, ornaşyksyz, ýerliksiz.
OŇAÝSYZLYK, 1. Amatsyzlyk, çemesizlik. 2. Tagaşyksyzlyk, gelşiksizlik. 3. Jaýly dällik, ýerliksizlik, ýerleşiksizlik, jaýsyzlyk. Ol, aýdan sözüniň oňaýsyzlygyna soňra düşündi.
OŇALGA, Gün-güzeran, oňşuk görmek üçin gerek bolan serişde, oňňut, oňşuk. Obadan oňalga tapmadyk daýhan ikiden-ýekeden şähere eňňit edýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).
OŇALMAK, 1. Tertip-düzgüne girmek, gowulanmak, oňatlanmak, düzelmek. Orsgeldiniň durmuşyýagdaýy oňalyp başlady (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)2 Sagalmak, daýanmak, gurplanmak.
OŇALTMAK, 1. Tertip-düzgüne girizmek, düzeltmek.2 Sagaltmak, daýandyrmak, gurplandyrmak.
OŇALYŞMAK, 1. Tertip-düzgüne girişmek, düzelişmek 2. Sagalyşmak, gowulaşmak, daýanyşmak.
OŇA-MUŇA, Kime-de bolsa birine, näme-de bolsa bir zada, bir ýere. Men-ä indi oňa-muňa baryp, erkek dilegini etmerin! (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar.).
OŇARMAK, 1. Bir zady düzetmek, tertibe salmak, bejermek. 2. Bir işiň hötdesinden gelip bilmek, bir işi başarmak. Men nahar taýýarlamagy-da, dürli-dürlüçe bişirmegi-de oňarýaryn («Mydam taýýar» gazeti). Ol halkyň arasynda has giň ýaýran çeper aforizmleri, nakyllary öz ýerinde degerli edip peýdalanmagy oňarýar («Edebiýat»). 3. gepl. d. Öz ýerinde aýtmak, hötdesin-den gelmek, duzlamak (söz bilen). Sen, bolsa-da, ony oňardyň. <> Özüni oňarmak ser Öz I. Keliň iň ýuwaşy hem köpriniň aşagynda ýatyp düýe ürküzýär welin, biziň kelimiz bolsa özüni oňarman, aşyk ýaly oýnadyp ýörýär (A. Gowşudow, Köpetdagyň egeginde).
OŇARTMAK, 1. Birine bir zady bejertmek, düzetdirmek. Kätmeni ussa äkidip oňartmak gerek. 2. Bir işiň hötdesinden getirtmek, bir işi başartmak.
OŇARYLMAK, 1. Bejerilmek, düzedilmek. 2. Bir işiň hötdesinden gelinmek, başarylmak Göýberlen ýalňyşlar oňaryldy.
OŇARYŞMAK, Oňarmaga kömekleşmek, düzedişmek, bejerişmek.
OŇAT, ser. G o w y. Jaýlary köp, oňat we arzan gurmak gerek («Sowet Türkmenistany» gazeti). Oňat belgiler alyp, Özüňe gep getirme (Nury Annagylyç, Saýlnan eserler).
OŇATLANMAK, ser. Gowulanmak. Işler oňatlanyp ugrady. OŇATLATMAK, ser. G o w u l a t m a k.
OŇATLAŞMAK, ser. Gowulaşmak. Ejem ýylgyranda, onuň ýüzi has hem oňatlaşýardy.
OŇATLYK, ser. Gowulyk Mazmunyň täzeligi çuňlugy hem-de oňatlygy boýunça sowet edebiýaty ýaly edebiýat dünýä edebiýatynyň taryhynda bolmandyr we ýokdur («Häzirki zaman edebiýaty»). |