OŇŞUK, 1- ser. Oňalga, Bu aýal örän garry bolany üçin, özüne oňşuk bolar ýaly bir towuk basyryp-dyr («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Onuň-munuň hyzmatyny edip, näçe oňşuk etjek bolup, şunça dyrpyşdym (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).2. Agzybirlik, ylalaşyk.
OŇŞUKLY, Agzybirlik saklaýan, ylalaşykly, agzybir. Onuň üçin urşup ýakalaşmak näme gerek bolupdyr, hökman oňşukly bolmak gerek («Türkmen pьesalary»).
ONŞUKLYLYK, Oňşugy barlyk, ylalaşyklylyk, agzybirlik. Oňşuklylyk bilen ýaşamak.
OŇŞUKSYZ, Onşugy bolmadyk, agzybir däl, ylalaşyksyz, agzala.
OŇŞUKSYZLYK, Oňşuk bolmazlyk, agzybir dällik, agzalalyk. Şol oňşuksyzlygyň netijesinde real däl obrazlara-da duş gelinýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).
OŇŞUKÇY, Agzybirlik saklaýjy, ylalaşykçy (adam). |