SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OŇA

OŇD

OŇL

OŇM

OŇŇ

OŇR

OŇŞ


OŇMAK, 1. Güzeran geçirmek, gün görmek, ýaşamak. Biz sygyrsyz oňup bileris, emma ýerkeksiz oňup bilmeris (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

2. Çydam etmek, mydar etmek, takat etmek. Wepa şu howla aýak basman oňar (A. Gowşudow, Eserler).

3. Şowly bolmak, şowuna düşmek, oň bolmak. Wüşi jan, alan gelniň gutly bolsun, aýagy düşümli bolsun, bu örän oňan iş (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Her zat-da bolsa agronomdan-a oňduk («Sowet edebiýaty» žurnaly).

4. göç. m. Bes etmek, gutarmak, çäklenmek, tamamlamak.

Merdanyň kakasy — Hawa şeýle' — diýdi-de oňaýdy («Mydam taýýar» gazeti).