OŇLAMAK, Birini ýa-da bir zady makul bilmek, dogry tapmak, halatmak. Näzik eje özüçe many çykardy, ol: Meniň tapan gyzlarymdan birini ahyrynda Hoşgeldi oňlan bolara çemeli.! diýip pikirlendi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Men Annagulynyň bu
Il oňlasa, atyňy soý (nakyl).
OŇLANMAK, Makul bilinmek, dogry hasap edilmek, halanmak.
OŇLUK, Gowulyk, eýgilik, oňllyk. Oňluk bolsun Aman jan! (R. Seýidow, Bagtlylar).
OŇLULYK, ser. O ň l u k. Wah, bolmanda-da, senden oňlulyk çykasy ýok-la! (B. Pürliew, Ilkinji gün). Onuň bu bolup oturyşyndan oňlulyk tamasyny ederlig ýokdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).
OŇLY, Gowy, idili, ýeterlikli, doly. Ýedilik pelteli çyra içerini oňly ýagtylandyryp bilmeýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Sen öz jontuk eşegiňi münüp, onda-munda ykdyň, fewralь, mart aýynda oňly gün gazanmadyň (A. Gowşudow, Eserler). |