SÖZLÜG ; B- HARPY;
BÄB

, Haýran galmagy, geňirgenmegi aňladýan ümlük. Bä, bu almanyň süýjudigini! (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Bagbanyň gyzy). Bä, ýer-suw hemmelere deň-dermiýan paýlanjak bolsa, ondan maňa-da ýetermikän? Bä, walla, patyşanyň ýykylany çynmyka? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BÄBEK, Bir ýaşyna ýetmedik, gundagdaky çaga. Özleriniň öýünde hem şeýle bir bäbegiň emele gelmegini alladan dileýärler (A. Gowşudow, Eserler).

Bahanam «akja bäbek» — bildir bolsaň bolmadymy (nakyl).


BÄBENEK, anat. Gözüň göreji bilen birigen almasy, özeni.

Görejimde bäbenek sen, söýgüli şanly Watan! (B. Kerbabaew, Aýlar). Artygyň otlukly gözleriniň bäbenekleri gün şöhlesi bilen besleşýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).