SÖZLÜG ; B- HARPY;
BÄŞ

BÄŞ, 1. 5 tsifriniň ady we onuň mukdary. Adamyň bäş duýgy organy bar (S. K. Karanow, Trahoma we oňa garşy göreş).

2. ser. Bäşlik

<> Bäş beter— ser. Beter.


BÄŞATAR, Içine bäş ok ýerleşýän tupeň. Postumda berk durýaryn, bäşatarym elimde (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Mawy bäşataryň gundagyma kakdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BÄŞBURÇ, Ýyldyz pisint bäş burçy bolan şekil.


BÄŞGOŞMA Bäş hataR gaşly bilezik. Onuň gollarynda bäşgoşma bilezik, barmaklarynda hatara ýüzük bardy(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BÄŞDAŞ, Çagalaryň bäş sany daşy oklap oýnaýan oýny.


BÄŞÝYLLYK , Bäş ýyl möhlet, bäş ýyl içinde amala aşyrylmagy göz öňüne tutulýan(iş, plan) SSSR  düzendir bäş ýylyk plan, Zähmetkeşler çagyrýarlar ýaryşa. (MollamURT, Saýlanan eserler) Ol birinji nobatda şu bäş ýyllygyňöňsyra kolhozyň boluş ýagdaýyny gürrüň etdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


BÄŞLEME, edeb. Bäş setirli şygyr formasy, muhammes. Şonuň üçin bäşleme formasyndan mysal almak ýeterlikdir («Edebiýat»).


BÄŞLIK, I. Bäşi bildirýän tsifr.

2. Okuwçylaryň okaýşyna goýulýan iň ýokary baha. Bäşlik bahalar bilen ýokary klasa geçmeli. Ol hemme derslerinden bäşlik aldy.

3. Oýnalýan bäş gülli kart. Bäşlik haç.

4. Käbir zatlaryň ölçegini kesgitleýän san. Bäşlik manat.


BÄŞÖRÜM [bäşö:rum], Gözenek şekilde gytaklaýyn degişýän nagyş.