SÖZLÜG ; B- HARPY;
BÄL

BÄLÇIK, Wäşilik etmegi gowy görýän, degişgen. Öweziň bälçik görnüşi Orazyň gaharyny getirip, göwnüne degdi («Kolhoz günleri»). Kolhozçylar bälçik Sähediň gaýgy-gamyny onuň tukat ýüzünde görýärdiler (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


BÄLÇIKLIK, Degişgenlik, wäşilik. Öwez ýa-da mugallym Aman ýaly ýigitler bilen edilýän gürrüňlere bälçiklik örän seýrek bolýar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Başlygyň soňky sözlerinde bälçiklik äheňi , bar ýalydy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<> Bälçiklige salmak — oýun eden bolmak, degişmek. Kaka, -nätdiň, haty okap bildiňmi?! — diýip, bälçiklige salyp gygyrdy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


BÄLÇIREMEK, Oýun etmek, degişmek. Sen näme bu gün köp bälçireýärsiň?  («Sowet edebiýaty»  žurnaly).


BÄLÇIREŞMEK, Özara degişmek, bälçiklik edişmek, oýun edişmek. Ol örän mylaýym bälçireşýärdi.

(M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany)Onda-da şunuň ýaly ýakymly säher çagynda ýorgana bürenip ýatmak bolarmy diýsene! — diýip, Nepesow bälçireişp başlady («Sowet edebiýaty» žurnaly).