SÖZLÜG ; B- HARPY;
BÖG

BÖGÜRMEK [bö:gurmek], 1. «Böö» edip seslenmek (käbir mal hakynda). Içinde doňuzlar bögürip, şagallar uwlaşýan hyşalyklary, gamyşlyklary, batgalyklary, şorluklary ýok edip, aňyrsyna göz ýetmeýän

kartalar çekdik (N. Pomma, Sebäbini soň bildim) Göleniň bögüren sesi hiç ýere ýetmänke, garyn içegesi

çogup çykdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. göç.Gygyryp aglamak, zörledip aglamak. Ol çydam etman bögürmäge başlady.


BÖGÜRTMEK [bö:gurtmek], 1. Bögürmäge sezewar etmek, bögürip gygyrtmak. Göläni bögürtmek.

2. göç. m. Zörledip aglatmak, gygyrdyp aglatmak. Çagany bögürtmek.