SÖZLÜG ; B- HARPY;
BÖL 

BÖLDÜRMEK [bö:ldürmek], 1. Bir zady bölüp-bölüp paýlatmak.

2. Ownuk böleklere bölekletmek, ownutmak. Bäşlik puly böldürmek.


BÖLEK [bö:lek], Bitewiden bölünen zat, bir zadyň belli bir mukdary, tike. Tilki az ýöräp, köp ýöräp, bir bölek etiň üstünden baryp, ol eti iýjek bolup-dyr («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).

2. Tarap, künjek, topar. Goçmyradyň howlusy Aşgabat şäheriniň günbatar-demirgazyk böleginde ýerleşýärdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

<>Aýyň bölegi — ser. Aý. Onuň Aýyň bölegi ýaly ýüzüni, nogta gara saçlaryny, geýimlerini tozan basypdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Söz bölekleri — ser. Söz. Bir bada aýdylýan söz böleklerine bogun diýilýär.


BÖLEK-BÖLEK [bö:lek-bö:lek], 1. Topar-topar, böleklere bölünen. Adamlar bölek-bölek bolup, üçbir, bäşbir bagda gezýärdiler, gürrüň edişýärdiler (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

2. Dagynyk, pytraňňy. Grekleriň aýry-aýry ilatly punktlary Ýerorta deňziniň kenarlarynda bölek-bölek ýerleşipdirler (Gadymy dünýä taryhy).

3. Tike-tike, parça-parça, ýyrtyk-ýyrtyk.


BÖLEK-BÜÇEK [bö:lek-büçek], Ownuk-uşak, maýda-çüýde, az-owlak. Eje, bölek-büçek bar bolsa ibersene («Sowet edebiýaty» žurnaly). Halnazar bölek-büçek bagröýkenleri lak-luk atdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BÖLEKLEÝIN [bö:lekleýin], Bölek-bölek, ýarpy-ýalta, bölekler boýunça, tutuşlaýyn däl, lomaý däl, Aýyň ýarym kölegesiniň düşen orunlarynda bolsa Gün diňe bölekleýin tutulýar («Sowet Türkmenistany» gazýeti).


BÖLEKLEMEK [bö:leklemek], 1. Böleklere bölmek, bölek-bölek etmek.

2. Ownutmak, maýdalamak (pul hakynda). Ýüzlügi böleklemek.


BÖLEKLENMEK [bö:leklenmek], 1. Böleklere bölünmek, bölek-bölek edilmek. Ýakmak üçin getirilen agaçlar derrew böleklendi.

2. Ownudylmak, maýdalanmak (pul hakynda).

3. Dagynyk bolmak, toparlara bölünmek. Gadym wagtlarda halklar barha ownujak toparlara böleklenýärdi.


BÖLEKLETMEK [bö:lekletmek], 1. Böleklere böldürmek, bölek-bölek etdirmek.

2. Ownutdyrmak, maýdalatmak (pul hakynda). Iri pullary bölekletmek.


BÖLEKLEŞMEK [bö:lekleşmek], 1. Böleklere bölüşmek, bölek-bölek edişmek, maýdalaşmak.

2. Bölek-bölek bolup başlamak. Bölekleşip bulutlar, Ýagmyr ýagyp başlady (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler).


BÖLMEK [bö:lmek], 1. Bir zady bir ýa-da bir näçe ýere paýlamak, böleklemek, üleşdirmek. Goýnuň etini dört ýere böldüler.

2. Bir zady toparlary boýunça tapawutlandyrmak. Ertektsleri mazmunlaryna we formalaryna garap, biri-birine ýakyn üç topara bölmek bolar («Edebiýat»).

3. Bir zady böwüsmek, ýaryp geçmek. Taýmyllaryň hemmesi Kaspiniň gök çüýşe ýaly suwuny bölüp süýnüp ugrady («Mydam taýýar» gazýeti).

<> Pikiri  bö1mek — ser. Pikir.

Sözi bölmek —ser. Söz. Uly ogly onuň sözüni böldi («Mydam taýýar» gazýeti). Emma men onuň sözüni böldüm (B. Pürliew, Ilkinji gun).


BÖLÜJI [bö:lüji], 1. Böleklere bölýän, bölekleýji, paýlaýjy.

2. mat. Bölünijini bölýän san.


BÖLÜM [bö:lüm], 1. Bir edaranyň, kärhananyň aýry-aýry pudagy ýa-da bir guramanyň sostawyna girýän edara. Pökgen telefonyň gulagyny towlap, raýon oba hojalyk. bölümi bilen gepleşjek boldy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Mekdepde dokmaçylary, egrijileri, tikinçileri, ýüpekçileri taýýarlaýan bölüm bar («Sowet Türkmenistany» gazeti).

2. teatr. Sahnada goýulýan oýunlaryň bir görnüşi, bölegi. Kontsertiň birinji bölümi gutardy.

3. harby. Kiçi harby podrazdeleniýe. Biziň Gyzyl Goşun bölümlerimizden bir topary. «N» derýasynyň boýunda duşman bilen zor uruş edýärdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Gurt öz ýoldaşlary bilen birlikde bölümlerine gowuşdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Pyýada goşun bölümi.

4. Kitabiň, gazýetiň temalar boýunça bölünýän bölegi, baplary.

5. Uly magaziniň dükanyň belli bir ugurdan zat satýan bölegi, tarapy, gapdaly. Dükan giň we garaňkyrak iki bölüme bölünýärdi (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).


BÖLÜNIJI [bö:lüniji], 1. Bölüjä bölünýän san.

2. Bölünip aýrylýan, böleklere bölünýän. Oňa göre-de olara «raskolьnikler» (bölünijiler) diýip at bermäge başladylar (SSSR taryhy)


BÖLÜNIJILIK [bö.-lünijilik], Bir bitin sanyn başga bir sana galyndysyz bölünmeklik häsiýeti.


BÖLÜNIŞIK [bö.-lünişik], 1. Öz ugurlary, kärleri, derejeleri boýunça toparlara bölünmeklik. Zähmetiň bölünişiginiň güýçlenmegi (SSSR taryhy).

2. Bitewi dällik, dagynyklyk.


BÖLÜNIŞMEK [bö:lunişmek],  ser. Bölünmek.


BÖLÜNMEK [böglünmek], 1. Böleklere aýrylmak, bölek-bölek bolmak.

2. Aýrylyp özbaşdak, garaşsyz bolmak. Indi nemetsler topara bölünip, üç tarapdan çozýardylar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

3. Döwülmek, ýyrtylmak. Käse iki bölündi.


BÖLÜŞDIRMEK [be.-luşdirmek], 1. Bölek-bölek etmek, böleklere bölmek.

2. Paýlap çykmak, paýlaşdyrmak. Hemme zatlary täzeden bölüşdirmäge başlaýarlar («Pioner» žurnaly).


BÖLÜŞMEK [bö:lüşmek], 1. Bölek-bölek edişmek, bölmäge kömekleşmek.

2. Bir zady özara paýlaşmak, etdiginden alyşmak.