SÖZLÜG ; B- HARPY;
BÖR 

BÖREK I, Ýaýylyp kesilen hamyryň içine et, ýumurtga ýa-da gök önümler salnyp gaýnadylyp bişirilýän nahar. Kakaň «Etli börek iýesim gelýär» diýdi, bu gün şony bişirýän (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ertir bilen börek büküp goýupdym («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BÖREK II, bot. Üzüm ýapragyna meňzeş, baldagy ýumşak ot.


BÖREKLIK, Börek etmäge gerek bolan  zat.


BÖREŇ-BÖREŇ, Börküldäp ýatan (suw, nebit we ş. m. suwuklyk hakda). Bir näçe aýlap baslygyp ýatan garlar eräp, çaýlar böreň-böreň dolup akýardylar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Nebitler dökülip, böreň--böreň bolup, gijelikde kiçiräk köl ýaly çaňjyrap dur (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


BÖRI [bö:ri], zool. ser. Möjek 1. Şemal börüleriň ysyn getirdi, Käte itler kowdy, käte böruler («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BÖRTME', Çiş, ýel. Syrkawlaryň derisi gyzgyn we gury, käwagtlar deride börtme döreýär (W. A. Ýusin, Aýakçy ysytmasy we oňa garşy göreş).


BÖRTMEK,  Çişmek, ýellenmek.Börtüp duran  gabak.(«Sowet edebiýaty»  žurnaly).


BÖRTMEÇ, Gowrulyp duran eti şora duran wagty.


BÖRTÜK, ser. B ö r t m e. Gabaklaryň börtük, gözüňde ünji. (B. Kerbabaew, Aýlar).


BÖRTÜLMEK, Çişmek,ýellenmek. Şonuň gaş-gabagy hemişe börtülip, gazap kölegesi onuň sypatyna murdar garaňkylyk salýardy   (M.  Ibrahimow, Ol geler).


BÖRÜK [bö:rük], 1, Keşde salnyp tikilýän we geýilýän tahýa.Gülleriň başynda şaýly börügi bardy.

2. Aýallaryň başyna geýýän bedre görnüşli topbusy Aýallarymyzy ýaşmakdan, börükden halas etmeli. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)