SÖZLÜG ; B- HARPY;
BÖW

BÖWEMEK, Böwet bolmak, öňüne päsgel bolmak, öňüni tutmak. Annatäjiň öňüni bir zat böwen ýaly, onuň aýagy öňe ädilmedi («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


BÖWEN, Ýogyn içege. Onuň depesinden şowlap ýel urýardy, öýi böwen ýaly çişirýärdi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


BÖWET, 1. Suwuň öňüne edilýän bent. Adamlar edil sakanyň alkymyndan böwet basaýmalydyr öýdüp oýladylar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Suw aşak urup, böwedi deşdi («Sowet edebiýaty» žurnaly),

2. Ösüşe, herekete ýol bermeýän ýagdaý, güýç, kynçylyk, päsgelçilik. Ol öz ýolundaky hemme böwetleri ýok edip-dir (SSSR taryhy). Men indi siziň gurjak bolýan böwetleriňizi böwüsmek üçin göreşe çykdym (B. Pürliew, Ilkinji gun).


BÖWETLEMEK, 1. Suwuň öňune böwet etmek, böwet basmak. Wolgany böwetläp, emeli köl — Moskwa deňzi döredildi («Mydam taýýar» gazýeti). Suwuň öňüni açmak aňsat, ony saklamak, böwetlemek kyn.

2. Päsgel bermek, kynçylyk döretmek.


BÖWETLENMEK, 1. Suwuň öňüne böwet edilmek, böwet basylmak. Ýap böwetlenenden soň, kolhozçylar çaý içmäge oturdylar.

2. Päsgel berilmek, kynçylyk döretdirmek.


BÖWETLETMEK, 1. Suwuň öňüne böwet etdirmek, böwet basdyrmak. Suwy böwetletmek.

2. Päsgel berdirmek, kynçylyk döretdirmek.


BÖWREK, anat. Oňurgalylarda peşew bölüp çykarýan organ. Kömurturşy gazyndan başga bölüp çykaryş organlary — böwrekler arkaly bedeniňden çykýan başga maddalar hem gana girýär (W. F. Şalaew, N. A. Rykow, Zoologiýa). Bularyň goňşularynyň düyesi tiz böwrek keselinden ölüpdi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

<> Böwregi bökmek — begenji içine sygman, keýpi kök bolmak.

Böwregi ýarylmak — gahary gelmek, gyzma bolmak. Sen ýaly bilimlem görlüpdir-le, ne beýle böwregiň ýarylyberdi (G. Muhta-row, G. Seýitliew, Bagbanyň gyzy).


BÖWSÜLMEK, 1. Bir zat ýarylyp bölünmek. Çöllügiň bir ýerinde ýeriň gabygy böwsülmelidir («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Ýykylmak, deşilmek (suw böwedi hakda). Ol böwsülen ýeri beklemek mümkin däldi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Bir ýeriň böwedi böwsülse, beýleki bir ýer gark bolýar! (M. Gorьkiý, Ene).


BÖWÜR, 1. Bil bilen goltugyn aralygy, bykyn.

Mawy gözli daýhanyň ýanynda duran beýleki daýhan onuň böwrüne dürtdi (M. Gorьkiý, Ene).Gandym  yelkenli aýaklary bilen düýäniň böwrüne depdi («Pioner» žurnaly).

2. Bir zadyň bir burçy, gapdaly, tarapy. Jaýyň ol böwründe oturan bir näçe gelin-gyz öz aralarynda  jedelleşýärdi (A. Gowşudow,   Köpetdagyň eteginde).  Döläniň bir böwrüne zyňlyp,çalam-çaş bolup ýatan bir küti kitap onuň eline ildi (A.Gowşudow, Mähri—Wepa).

* Böwri bükgüldemek— ynjalyksyzlanmak,  birahatlanmak. Bu ýagdaý Muhammediň-de böwrüniň  bükgüldisini artdyrman durmady (N. Pomma, Sebäbini sьk bildim).

Böwrüňi   diňlemek — birneme oýlanyp durmak, oýlanmak, pikirlenmek. Häliden söze goşulman, böwrüni diňläp oturan Çerkez Pökgi wala sorag berdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Dymdy garry, öz böwrüne diň salyp («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BÖWÜRSLEN, bot. Iýilýän ownuk gara  miweli, tikenli gyrymsy ösümlik we onuň miwesi. Näbelli gara gyssanjyna böwürsleniň aşagyna özüni urdy  (A.Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ýabyň içini bajaklardan we böwürslenlerden hiç zat goýman arassalalyň (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


BÖWÜSDIRMEK, 1.Gaty ýyrtdyrmak, ýyrt -ýyrtyk etdirmek.Köýnegiňi agaja böwüsdirmek. Ol özüni ite ýardyryp, donuny böwüsdiripdir.

2.Ýardyrmak, ýaralatmak. Öň hem ýaraly keýigiň päki ýaly syňragyna Annak buduny böwüsdiripdir (B.     Kerbabaew.Aýsoltan). 

3.Ýykdyrmak,deşdirmek.Böwedi böwüsdirmek. Gaçyny böwüsdirmek.


BÖWÜSMEK, 1. Bir zady ýaryp çykmak, bölup geçma ,bölmek.

Aýsyz garaňky gijäniň tümlügini böwsüp barýan çyranyň yşygy çar töwerege ýaýrapdy («Sowet Türmenistanynyň aýallary» žurnaly). Mümkin däl zähmetsiz ýagşy ýaşamak, Böwsüp geçýäs çägeleri,     ylaýy (N. Pomma, Saýlanan eserler). Hüjüm bolsa öňe geçer ol böwsüp  (K. Işanow, Watan üçin).

2. ýykyp geçmek deşmek. Iýulь we awgust aýlarynda suw derýa kenarlaryndan agýar we bentleri ýygy-ýygydan böwüsýär. (Gadymy dünýä taryhy). Hawa, derýanyň böwsen wagty hem bolupdy   (M. N.  Skatkin, Jansyz tebigat).


BÖWŞEŇ, 1. Boşlag, boş, giňiş. 2. Dykyz däl,boşaň.

Ol kepjesi bilen guýynyň böwşeň tarapyny köwup başlapdyr (Myraly).


BÖWŞEŇLEMEK,Boşlar bolmak, boşamak, ýumşamak.


BÖWŞEŇLEŞMEK, Birneme boşamak, boşaşmak!Elim böwşeňleşdi.


BÖWŞEŇLIK,  1. Boşlaglyk,boşluk,giňişlik.Gür tokaýyň içindäki ak böwşeňlige meňzeýän maňlaýynyň etegindäki gyýma gara gaşlary — onuň görk bazaryny ölçegsiz giňeldýärdi(B.Kerbabaew Aýgytly  ädim). 2.Arakesme, işsiz  bolnan wagt. 0l böwşeňlikde Pökgi wala özüne mümkinçilik  tapdy.(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).