SÖZLÜG ; B- HARPY;
BÖK 

BÖKDELMEK, Bir hereketiň ösüşiň öňi böwetlenmek, päsgel berilmek, saklanmak. Bu işleriň şeýle bökdelmegi şüdügär sürüminiň bökdelmegine getirýär («Sowet Türkmenistany» gazýeti).


BÖKDEMEK, Bir hereketiň ýa-da ösüşiň öňüne böwet basmak, päsgel bermek, eöüşini saklamak. Öýlenmek senitň okuwyň öňüni bökdänok (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Dowarçylygyň ösmegi näme bökdeýär.(«Sowet Turkmenistany» gazýeti). Eýsem onda seni şol mümkinçilikleriň öňüni bökdemek üçin goýupdyrlar-da?! (B. Pürliew, Ilkinji gun).


BÖKDENÇ, Bir zadyň öňüni saklaýan päsgelçilik ,böwet, kynçylyk. Ine, bu hat oňa bökdenç bolupdyr.

(A. Durdyew, Saýlanan eserler). Gatnawyň bökdenji ýok (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


BÖKDENÇSIZ, 1. Päsgelsiz, garşylyksyz.. Gämiler şu şlýuzlardan. bökdençsiz gatnarlar («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

2. Kynçylyk çekmän,, aňsatlyk bilen, sagynman. Deklamatsiýalary bökdençsiz aýdaryn («Mydam taýýar» gazýeti).

3. Duruzman, sagyndyrman. Gyzlar maşynlary bökdençsiz işletmegi öwrenýärler  («Mydam taýýar» gazýeti).


BÖKDENÇLIK, Böwet bolmaklyk, päsgelçilik. Eger siz maşynlary oňat remont etseňiz, ekişde hem bökdençlik bolmaz («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BÖKDERGI, Atyň eýeriniň syrtyna daňylýan ýük.Atyny, bökdergisinden horjunyny aldy. (A. Durdyew, Gaýlaian eserler). Ozalky geçen uruşlarda hemişe atiň bökdergisi bolardy (A. Gowşudow, Eserler). Ýartygulak bildirmän, onuň atynyň üstüne çykyp, bökderginiň syrtynda jaýlaşdy («Türkmen halk ertekiler ýygyidysy»).


BÖKDERMEK, Atyň eýeriniň syrtyna ýük urmak, ýüklemek. Iki desse ýorunjany atyň syrtyna bökdermek Horjuny bökdermek. Atyň keçesini bökdermek.


BÖKDÜRMEK, 1. Birini ýa-da bir zady ýokary-ýokary towusdyrmak. Berekella, hanym! — diýip bökdürdi, özi hem oýnady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Bir ýerden ýa-da bir zadyň üstünden towsup geçirtmek. At münüp, barýerden bökdürmäge welin, onuň duran ýeridi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

* Ýürek bökdür-m e k — ser. Ý ü r e k I.

Şol habar onuň ýüregini bökdürmäge başlady (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


BÖKE, deňizç. Ýelkenli nawuň düşegi.


BÖKE-BÖKE,1. Yzly-yzyna böküp, bökjekläp-bökjekläp. Böke-böke gitmek.

2. gepl.  d.  Bialaç, çäresiz.


BÖKEJEKLEMEK,  ser. Bökjeklemek.  Bir aýagynyň üstünde bökejekledi(A.P.Çehow,Saýlanan

eserler) .


BÖKEJEKLEŞMEK, ser. Bökjekleşmek.


BÖKEJEŇ I, Beýik ökjeli (köwüş, ädik). Aýagy bö-kщets Hywa ädikli ýigit onuts keýpine geldi (N. Sa-ryhaiow, Saýlanan eserler).


BÖKEJEŇ II, Bökmäge ykjam (ökdelik bilen towusýan, bökýän.)


BÖKELEK, zool. Siňekleriň toparyndan bolan, haýwanlary dişleýän, gögeýine meňzeş möjejik. Edil bökelek ýaly hemmämize ulukjyn berýär (A. Durdyew, Saýlanan eserler) . Edil bökelek dişlän ýaly., ýüzüni turşadyşyna seret! (A. P. Çehow, Saýlanan eserler) .


BÖKJEKLEMEK, 1.Towsup-towsup gitmek, towsaklamak, bökejeklemek. Eý-äjik! Özüň soraý — diýip, goljagazyny galgatdy-da, keýik owlagy ýaly bökjekläp gitdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Şu bolşuň bilen bökjekläp ýörseň-ä gelişmän hem durjak däl! (B. Pürliew, Ilkinji gün).

2. göç. m. Şadyýan oýnamak, şatlyk etmek. Olar «öz-özünden gaýnaýar» diýýärler —diýip, begenjinden ýaňa bökjekläsi. gelip gepledi (p Saryhanow, Saýlanan eserler). Firidunyň ýüregi sabyrsyzlyk bilen bökjekledi (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


BÖKJEKLEŞMEK, Towsaklaşyp ýörmek, bökejekleşmek.

Taýçanaklar bökjekleşip oýun edişýärdiler. Çagalar bökjekleşip oýnaýarlar(B.Kerbabaew, Aýsoltan)


BÖKMEK, 1. Towsup bir ýerden geçmek, towusmak.Olar bakry suwdan dolduryp, bir wagondan başga bir wagona çalt bökýärdiler («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Kiçijik Geldijik böküp boýnuma, gezelenje gelenime begenýär (K.Gurbannepesow, Soldatyň ýüregi) Men oňa sportuň bökmek, ýadro zyňmak ýaly dürli görnüşleri bilen-de türgenleşmekligiň gerekdigini düşündirdim («Pioner»žurnaly) 2. Bir zadyň üstünden özüňi aşak oklamak. Ruluň syrtynda oturan Hallara gözi düşen Kolýa Çeriomuşkin kuzow-dan böküp düşdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly). Bökmek boýunça ökde sportsmen.


BÖKÜJÝLIK, Böküş tärini bilmeklik, bökmäge ökdelik.


BÖKÜŞ, Bökmeklik ukyby. Biziň bu gezekki böküşimiz sekiz ýüz metr beýiklikden bolmalydy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BÖKÜŞMEK, 1. Bir näçe bolup bökmek, köpçülik bolup towsuşmak, yzly-yzyna bökmek. Biz maşyndan böküşip düşdük («Sowet edebiýaty» žurnaly). Çekirtgeler böküşýärler, gurçuklar, tomzaklar süýrenişýärler (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat).

2. Towsup oýnaşmak, şatlanyşmak. Tans edip böküşýär oglanlar, gyzlar (Ata Salyh, Saýlanan eserler).