SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ADM

ADMINISTRATIW, Administratsiýa degişli bolan, administratsiýa has bolan we esaslanýan.

Wyşka pasýologynda administratiw, hojalyk we ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesi bina edildi («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Administratiw edaralar. Administratiw bölümler.


ADMINISTRA'TOR , Bir kärhananyň ýa-da edaranyň guramaçylyk işini dolandyryjy. Teatryň administoatory.


ADMINISTRATORLYK, 1. Iş dolandyryjylyk, edara edijilik käri, administratoryň ýagdaýy.

2. Administratora mahsus bolan, administratora degişli bolan. Administratorlyk ukyby.


ADMINISTRA'TSIÝA, 1. Kärhana ýa-da edara işlerini dolandyrýan organlar.

2. Kärhanany ýa-da edarany dolandyrmaklyga ýolbaşçylyk. Zawodyň administratsiýasy meni 5-nji razrýada geçirdi.


ADMIRA'L, Harby-deňiz flotunda komandirler sostawyna berilýän iň ýokary at. Flot admiraly.


ADMIRALLYK, Admiralyň wezipesi, käri, admiral adyna eýe bolmaklyk.

Ol matroslykdan başlap, admirallyga çenli uzak ýoly geçipdir.