SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ADR

ADRENALI'N, med. Mäzleri işledýän suwuk dermanyň bir görnüşi.

Adrenalin ýürege we damarlara simpatik nerwleriň gyjyndyrmasy ýaly täsir edýär (A. N. Kabanow, Adamyň anatomiýasy we fiziologiýasy).


ADRES, 1. Hatyň, ýa-da başga post üsti bilen iberilýän zatlaryň ýüzünde barjak ýeriniň we şony aljagyň ady görkezilen ýazgy.

Azajyk garaş, ýene iki sanjak. adres ýazmaly («Sowet edebiýaty» žurnaly). Şu adresde ýok — diýlip ýazylan («Kolhoz günleri»).

2. Ýaşalýan ýeriň, jaýyň ýa-da edaranyň, kärhananyň, guramanyň we ş. m. bolýan ýeri.

Ol myhmanhanada jaý tutandan soň, Wüşi keliň adresini yzarlap gitdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

3. Ýubileý ýa-da bir dabaraly waka üçin birini hat üsti bilen gutlama. Şahyryň elli ýyllyk ýubileýine adres gowşuryldy.

4. Biri hakda, biri barada, biri dogrusynda. Gazýetlerde onuň adresine ýazylan makalalary we feletonlary okardym («Tokmak» žurnaly).


ADRESAT, Post üsti bilen iberilýän zatlaryň gowuşmaly adamsy.


ADRESLEMEK, Bir adres boýunça birine bir zat ibermek ýa-da bir zada adres ýazmak.


ADRESLENMEK, Adres boýunça iberilmek ýa-da adres ýazylmak.