SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ADY

ADYGEÝLER, Adygeý we Çerkessk awtonom oblastynyň ýerli halky, esasy ilaty.


ADYL, Rehimli, adalatly, parasatly, paýhasly.

Bulut eger kybladan tursa, güýçli boran bolarmyş, şah eger adyl bolmasa, tagty weýran bolarmyş (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Onuň adyl adamdygy hakda bütin ýurtda şöhrat ýaýranmyş («Mydam taýýar» gazýeti).


ADYLLYK, Adyl bolmaklyk, rehimlilik, adalatlylyk, parasatlylyk.

Onuň bu işine adyllyk bilen çözjegine men bar zatdan beter ynanýaryn (B. Pürliew, Ilkinji gün).

Emma ol adama adyllygy, sahylygy sürtseň-de ýokjak gümany ýok («Tokmak» žurnaly).


ADYLSYZLYK, Adyllygyň bolmazlygy, adyl dällik, rehimsizlik, adalatsyzlyk.

Ýöne meni Esen Weliewiçiň adylsyzlygy ýadadýar (B. Pürliew, Ilkinji gün).


ADYRLYK, Gurak klimatly ýurtlarda beýikli-pesli hem-de toýun we çäge gatyşykly hasylsyz ýerler.


ADYÝAMAN [a:dyýaman], bot. Arpa-bugdaýyň içinde gögerýän däneli haşal ot. Adyýaman, süýtleňňiç ýaly biderek otlardan başga bu ýerde hiç zat ýok (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).