SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ADÝU

ADÝU'NKT, 1. Ýokary harby okuw jaýynyň aspiranty.

2. Rewolýutsiýadan öň Russiýada we Günbatar Ýewropada käbir ylmy edaralarda kiçi ylmy wezipe we şol wezipäni ýerine ýetirýän adam.


ADÝUNKTURA, Ýokary harby okuw jaýynyň aspiranturasy.


ADÝUTA'NT, Harby ýolbaşçynyň ýanynda bolup, onuň gulluk tabşyryklaryny ýa-da ştab işlerini ýerine ýetirýän ofitser. Polk komandiriniň adýutanty Kolosowy çagyrdy (K. Işanow, Ýaş watançy). Osipowyň adýutanty hem ony nazaryndan salmady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ADÝUTANTLYK,  Adýutantyň käri,  wezipesi.