SÖZLÜG ,,, A-HARPY;


, Iýilýän naharlaryň umumy ady.

Ýorunjadan biziň garnymyza aş bolýarmy? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

¨      Aş bermek — dini duşünjä görä: öleniň hatyrasyna nahar bermek.

Aş saýlamak — agzy bimaza bolmak, ýürek bulanmak, göwrede çaga galmak sebäpli, organizmiň her dürli nahary, iýmiti talap etmegi, göwreliligiň birinji stadiýasy.

Aşa  düşmek — gereginden artyk iýmek, köp iýip, özüni horlamak. Nämemşi, kolhozyň gara mal ferma müdiri mugt etden aşa düşüp, garny deprek ýaly bolupdyr («Tokmak» žurnaly).

 Agyzda aş gatyklamak — bolsady ekmek, gury söz bilen göwnüňi berjaý etmek.

Haýsy aşyň gatygy — «Sen kim, sen nämäniň alynyndan?» diýen manydaky aňlatma.