SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AŞA


AŞA [a:şa], Öte,  aýry, has ýokary, köp.

Saňa «haý» diýilmedigiçe, sen hetdiňden ören aşa gitdiň! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


AŞAK [aşa:k], 1. Düýp, ast. Aşagy çäýrän agaç.

2. Kömekçi söz rolunda: Suratyň aşagynda ussanyň zähmet ýeňişleri barada oçerk hem bardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Pes. Käýyllar bolsa sowuk nuldan aşak düşýär-de, ähli gowaçany sowuk urup, ýetişen körekleri ak patrak ýaly açyp. gidýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).

4. Gunbatar-demirgazyk tarap. Şol wagt aşak gapdaldan hataryň ugruny syryp Annaguly gelýärdi.

Bular aşak tarana köçäniň ugry bilen deňje ýöräp gitdiler (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

* Ýüzüni aşak salmak— uýatly etmek, utandyrmak. Ol ýüzüni aşak salyp otyr.


AŞAKLAMAK [aşagklamak], 1. Peselmek, pese düşmek, aşak düşmek. Samoliot kem-kemden aşaklady. 2. Arzanlamak, bahasy peselmek, gymmaty azalmak. Harydyň önümçilige düşýän gymmaty aşaklady.


AŞAKLATMAK [aşagklatmak], 1. Peseltmek, pese düşürmek, aşak düşürmek.

Emma ol meni uzak göterip bilmän, kem-kemden aşaklatdy (Myraly).

2. Arzanlatmak, bahasyny peseltmek, gymmatyny azaltmak.

Önümçiligiň önüme düşýän gymmatyny aşaklatmak.


AŞAKY [aşa:ky], Aşakda ýerleşen, aşakdaky. Aşaky etaž. Aşaky jaý.