SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AŞY

AŞYGANA [a:şyga:na], Aşyga has bolan, söýgüli, yşky. Wüşi kel Bahara öz aşyklygyny duýduryp, bir-iki sapar aşygana hat hem ýazypdy (A. Gowşudow, Köpetdagyn eteginde).


AŞYGOTY, bot. Ak gülli, tegelegräk ýaprakly haşal ot.


AŞYK I, Art aýagyň injik süňki bilen büt süňküni birleşdirýän we çagalaryň oýnaýan aýratyn bir formadaky süňki. Ol işden eli sypynsa, öz. deň-duşlary bilen uzyn gün aşyk oýnaýardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Öýe gelemde işim aşyk, topaz oýnamak bolardy (Myraly).

* A ş y g y  alçy oturmak-— bagty getirmek.


AŞYK [a:şyk] II, 1. Birini tüýs ýürekden söýen. Basyp-da zyndana, ot berip derä, Aşyklar hamyndan tar eden kanun (N. Pomma, Saýlanan eserler). Goý, Aşgabat aşyklaryň şäheri, Tomsy, güýzi, gyşy hem-de bahary (N. Pomma, Saýlanan eserler).

2. Bir zady söýüp hyrydar bolan. Men ýaňlanýan süýji owaza aşyk! (M. Gorьkiý, Eserler).


AŞYKLY, 1. Aşygy bar bolan. Aşykly oglan.

2. But bilen injik süňküniň aşyk ýerleşen ýeri.


AŞYKLYK I, Injik bilen buduň aşyk arkaly birleşýän bogny.

Çopan ol toklynyň aşyklygyndan tutup öweçläp barýardy.


AŞYKLYK [agşyklyk] II, Birini tüýs ýürekden söýmeklik, bir zada hyrydar bolmaklyk. Wuşi kel Bahara öz aşyklygyny duýduryp, bir-iki sapar aşygana hat hem ýazypdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde) .


AŞYK-MAGŞUK  [a:şyk-magşu:k], kön.s. Söýşen oglan we gyz. Biziň aşyk-magşuklarymyz hat ýazyşýarlar (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


AŞYLMAK [a:şylmak], Aňyrsyna geçilmek, ötülmek; ýolgeçilmek.


AŞYR [a:şyr]: aşyr atmak — kelläň üstünden aşyrylmak. Şuňkar aşyr atyp durany kakjak, Ganly çüňkün näzik bedene sokjak (A. S. Puşkin, Erteki-ler).


AŞYRMAK [a:şyrmak], 1. Bir zatdan geçirmek, bir zatdan ötürmek, bir ýere ýetirmek.

Ala dagdan aşyrar men («Görogly» eposy).

2. Belli bir çäkden, normadan çykmak, artdyrmak, ýokarlandyrmak.

<> A m a l a  a ş y r-m a k — Ser, A m a l.


AŞYRY [a:şyry], Kürtäniň, köýnegiň we ş. m. egninden aşyrylýan bir in mata. Kürteniň aşyrysy.


AŞYRYLMAK [a:şyrylmak], 1. Belli bir ýere äkidilmek, belli bir ýere geçirilmek, bir ýerden başga bir ýere ugradylmak.

2. Belli bir çäkden, normadan çykarylmak, artdyrylmak, ýokarlandyrylmak.

3. Kelemenläp gaýtmak.


AŞYRYM [a:şyrym], 1. Eginden aşyrylyp dakylýan guşagyň ady.

2. Dagyň, belentligiň üstünden geçýän ýol.