SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MÖW

MÖJ

MÖÝ

MÖL

MÖN

MÖŇ

MÖR

MÖH

MÖÇ


MÖÇBER, 1. Bir zadyň ululyk ölçegi, göwrümi. Eger demir gyzýan bolsa, onda onuň möçberi  ulalýar (S. N Winogradow, A. F. Kuzьmin, Logika). Ýazyjynyň galdyran edebi mirasy özüniň möçberi boýunça onçakly uly bolmasa-da, onuň galamynyň astyndan çykan   eserle ýokary baha mynasyp eserlerdir (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

2. Bir zadyň mukdary, sany. Ýeterlik möçberde mugallymlar-da, wraçlar-da we medeni işgärler-de peýda boldular («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Töwerek, çen, çak. Meniň daýhançylyk edip ýörenime kyrk-elli ýyl möçberi boldy (N.   Saryhanow, Saýlanan eserler).

4. Aýtym, çäk, masştab. Ol öz bitiren işi bilen respublikamyzyň möçberinde tanylýar.


MÖÇBERLI, Möçberde bolan, barabar bolan, çenli, çakly. Eger meniň gowaçamyň gektar möçberli ýeri biraz suwsamadyk bolsa, men öz zwenomiň her gektar-den bu ýyl ýetmiş bäş tsentner pagta bererdim (B-Kerbabaew, Aýsoltan). Toýy dabaraly sowmak Üçin Allaýarowyň çakyna görä, tonna möçberli tüwi bilen çaklaň süri goýun taýynlamalydy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MÖÇBERSIZ, Çaksyz, çensiz, sansyz, aşa. Gurt gartyň möçbersiz kän pul utan sapary hem az dolmandy, Diwiziýalaryň sany hem möçbersiz kän diýip eşidendirler  (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


MÖÇÜKDIRMEK,  Biriniň bir ýerine urup, pugta agyrtmak, awundyrmak,  mazaly zeper ýetirmek, şikes ýetirmek. Ýumruk ýaly oglanjyklar bilen pökgi oýnap, olary möçükdirýär («Mydam taýýar» gazeti).


MÖÇÜKMEK, Bir zadyň gaty degmegi, urulmagy zerarly bir ýerde şikes, zeper ýetmek, pugta awunmak. Amanow, gaty möçügen dyzynyň agyrysyny-da unudyp, derrew Poladow bilen boldy («Sowet edebiýaty» žurnaly).