SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MÖW

MÖJ

MÖÝ

MÖL

MÖN

MÖŇ

MÖR

MÖH

MÖÇ


MÖWJEMEK, Möwç almak, güýji artmak, güýjemek, gazaplanmak. Esreşäer erkekler, kükreşýär nerler, Aýazda möwjeýär olaryň joşy (N. Pomma, Saýlanan eserler).


MÖWLAM [möwla:m], Dini düşünjä görä: hudaýyň bir ady. Bir hümmet etdi möwlamdan, Ganat baglap uçdy Gyrat («Görogly» eposy).


MÖWLEMEK, Ýala gelmek (it hakda), mawa gelmek (pişik hakda).


MÖWRIT [möwri:t], Döwür, zaman, wagt, mütdet. Gul eýeçilik gurluşynyň möwriti gutarypdyr (Orta asyrlar taryhy). Durmuşda asly bolşundan üýtgemän durýan hiç zat ýok, her haýsy özüniň möwritini sürüp geçýär (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


MÖWSÜM, Belli bir pasyl, wagt aralygy, döwür. Bahar öz möwsümini paýawlady, tomsuň ýandyrjy jöwza yssysy başlady (A. Gowşudow, Saýlanan eserler). Ekinleriň we bag-bakjalaryň hasyllarynyň biri-biriniň yzyndan bişip ýetişişi ýaly, olar biri-biriniň yzyndan her haýsy öz möwsümini sowup, eňňere bolup başladylar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ýygym möwsümi pagtaçylyk işiniň aýratyn jogapkärli aýgytlaýjy möwsümi bolýar («Sowet edebiýaty» žurna-ly).

<> Möwsümini sowmak — gezegini, nobatyny geçirmek.


MÖWSÜMLEÝIN, Belli bir möwsümde bolýan, möwsüm boýunça. Köp ýygymçy möwsümleýin normany ýerine ýetirdi («Sowet Türkmenistany» gazeti).


MÖWÇ: möwç almak (urmak) — möwjemek, hyjuwlanmak, güýçlenmek, joşmak. Nirede zulum güýçli bolsa, onuň garşysyna bolan gozgalaň-da has beter möwç almaga başlaýar («Tokmak» žurnaly). Kolhozda gün-günden möwç urýan zähmet joşguny hakynda diktoryň beren habary garryda şatlyk duýgusyny emele getirdi (B. Pürliew, Ilkinji gün). Elliniň göriplik damarlary tyrsyldaşyp başlady we onuň ýüregindäki içigaraçylyk ody lowlap möwç urdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).